2024-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belgiýanyň Daşary işler ministri Hadja Lahbibiň arasynda duşuşyk geçirildi.
2024-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Brýussel şäherine iş saparynyň çäklerinde Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi.
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine +4... +6 gradusdan, +9... +11 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +14... +16 gradusdan +20... +22 gradus aralygynda maýyl bolar.
Türkmenistanda halkara gatnaşyklary we geosyýasy modelirleme boýunça Halkara olimpiada geçiriler. Ol Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hazarýaka döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda guralýar.