Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly halkara metbugat maslahaty geçirildi.
2024-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň gadymy türkmen şäheri Änewiň - türk dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan edilmegine bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýanyň «TASS» habarlar gullugynyň Baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.
2024-nji ýylyň 27-nji martynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde Ýaponiýanyň Daşary söwdany ösdürmek boýunça guramasynyň (JETRO) işjeň goldamagynda gurnalan Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň bilelikdäki iri işewürlik forumy geçirildi.
Şu gün Ak bugdaý etrabynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze metjidiň açylyşy boldy we hajy Arkadagymyz bu ýerde agzaçar sadakasyny berdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kristofer Alberto Martinez Berroterandan ynanç hatyny kabul etdi.