28.03.2024
2024-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň gadymy türkmen şäheri Änewiň - türk dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan edilmegine bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýanyň «TASS» habarlar gullugynyň Baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.