Habarlar 10 november 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Hormatly Prezidentimiz gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň kabul eden Durnukly ösüş boýunça maksatlaryny Türkmenistanda amala aşyrmak boýunça taýýarlyk işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Medeniýet

Russiýanyň kinofilmleriniň günleri türkmenistanlylary ussat režisýorlaryň we aktýorlaryň sungaty bilen tanyşdyrdy

Tamara GLAZUNOWA

Hepdeligi „Anna Karenina. Wronskiniň taryhy“ atly kinofilm açdy. Karen Şahnazarow Lew Tolstoýyň dünýä belli ronanynyň özüçe dowamyny teklip edýär. Şahnazarowa Annanyň pyjygaly ölümi ýaramaýan borly, şonuň üçinem ol Wronskini gazaply jeza uçratmak isläp, ony Ýapon urşunda wepat bolan edip görkezýär. Munuň üçin režisýor „Anna Kareninany“ Wikentiý Weresaýewiň „Ýapon urşunda“ eseri bilen sepleşdiripdir. Režisýoryň şeýle beýan edişini tomaşaçylaryň hersi özüçe kabul edip biler. Ýöne Annanyň düşen gününden soňam Wronskiniň ýokary gatlakda durmudan lezzet alyp ýaşaýşyny göz öňüne getrimegem aňsat däl... Karen Şahnazarowyň filmine tomaşa edenden soň, belki tomaşaçylaryň romanyň dowamyny özüçe ...

Ykdysadýet

HPG Türkmenistanyň ykdysady işjeňliginiň ösüşini çaklaýar

Bellenilişi ýaly, HPG-nyň bilermenleri tarapyndan taýýarlanylan bu baradaky habarda, 2017-nji ýylyň 1-8-nji noýabry aralygynda Aşgabada amala aşyran iş saparynyň jemleri barada habar berildi. Saparyň çäklerinde iri maliýe guramasynyň baştutany jenap Martin Sommer döwlet edaralarynyň jogapkärli işgärleri, ýurdumyzyň maliýe düzümleriniň, ylmy toparlarynyň hem-de diplomatik bileleşigiň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Makroykdysady we maliýe ýagdaýy, ykdysady wehimler, şeýle hem ýurdumyzyň geljegi üçin ösüşine çaklama bermek meseleleri duşuşyklarda garalan möhüm ugurlar boldy.