Habarlar 13 november 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny açyp, ilki bilen göni aragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Häkim alnyp barylýan işler, bina edilýän desgalar, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga büremek maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, durmuş ulgamynyň kämilleşdirilişi barada hasabat berip, Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görlüşi barada-da habar berdi.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Baştutany Borut Pahora tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de dostlukly ýurduň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň hatyrasyna iň ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Medeniýet

Türkmenistanda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri açyldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Häzirki zaman türkmen-özbek döwletara gatnaşyklarynda medeni-ynsanperwer ulgam möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Bu ugurda Türkmenistan we Özbegistan bilelikde işlemegiň we döredijilikli hyzmatdaşlyk etmegiň ajaýyp däplerine eýerýärler.

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistan “suw diplomatiýasynyň” esasy ugurlaryny döredýär

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Iki günlük forum ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň ýardam etmeginde Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komiteti hem-de Merkezi Aziýanyň sebit ekologiýa merkezi tarapyndan guraldy. Duşuşyga AHHG-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň şahamçalarynyň hem-de Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Täjigistandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky bölümleriniň wekilleri, şol sanda Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň (DÖDT) hem-de Döwletara suw hojalyk utgaşdyryjy toparynyň (DSHUT), şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň düzümine girýän edaralaryň, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň (GIZ), beýleki sebit hem-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşýarlar.

Resmi habar

Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynyň birnäçe etrap häkimlerini wezipeden boşatmak hakynda Karara gol çekdi

Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň häkimi Işankulyýew Intizar Baltakulyýewiçi;