Habarlar 14 november 2017

Wakalaryň jümmüşinde

RECCA VII: owgan meselesiniň çözülmegine ylalaşykly çemeleşmeleriň işlenilip düzülmegi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Maslahata daşary ýurtlaryň onlarça döwletinden wekiller gatnaşýar. Olaryň hatarynda Aziýa, Ýewropa, Demirgazyk we Günorta Amerika, Okeaniýa ýurtlarynyň, halkara guramalarynyň 28-siniň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary hem-de düzümleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Sport

Türkmenistanyň ýygyndysy futbol boýunça Aziýa Kubogy-2019-yň final tapgyryna çykdy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Aziýanyň Kubogy-2019-yň final tapgyryna çykmak ugrundaky iň soňky tapgyryň öňüsyrasynda BAE-de geçirilen bäsleşiklerde ýurdumyzyň ýygyndy topary Bahreýniň topary bilen birinji – ikinji orny paýlaşdy we şu günki bäsdeşlerden bir utuk artykmaçlyk gazandy. Aziýa Kubogynyň 17 bäsleşiklerine gatnaşmak üçin türkmen ýygyndysyna ýeňiş zerur bolup durýar.

Hyzmatdaşlyk

Aşgabatdaky işewürler maslahatynda sebitara hyzmatdaşlygy berkitmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Bu çäre sebitara gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyna, Owganystanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan geljegi uly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde tagallalaryň utgaşdyrylmagyna, işewür toparlaryň, şol sanda söwda gatnaşyklaryny berkitmäge, sebit bazarlaryny we eksport mümkinçiliklerini öwrenmäge, şeýle hem tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirýän telekeçi zenanlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.

Wakalaryň jümmüşinde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Muhisa Kituýi Türkmenistan bilen UNKTAD-yň hyzmatdaşlygynyň mümkinçiligi barada pikir alyşdylar

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň tutuş türkmen halkyna aýdan abadançylyk we gülläp ösüş baradaky hoşniýetli sözlerini ýetirdi. Billenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy Bitarap Türkmenistana ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde garaýar we türkmen tarapynyň sebitara, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, häzirki zamanyň möhüm wezipeleriniň oňyn çözgüdini işläp taýýarlamak babatda eýeleýän oňyn ornuna ýokary baha berýär.

Hyzmatdaşlyk

Owganystanyň Prezidentiniň maşgalasy türkmen parlamentiniň işi bilen tanyşdy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Duşuşygyň dowamynda myhman ýurdumyzyň ýokary kanunçylyk edarasynyň möhüm wezipeleri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda giň möçberli hukuk we durmuş ykdysady özgertmeleriniň hem-de döwlet ösüşiniň özgertmeler maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Resmi habar

Türkmenistanda Mali Respublikasynyň ilçisi işe başlady

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugalandyrmak işinde üstünlik arzuw etdi. Maliniň doly ygtyýarly wekili soňky ýyllarda Türkmenistanda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň netijelerine ýokary baha berip, öz ýurdunyň ýolbaşçy düzüminiň tutuş türkmen halkyna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.