Habarlar 8 november 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti: sport — jemgyýetiň sazlaşykly ösüşiniň şerti

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Ir bilen döwlet Baştutanymyz sport toplumyna gelip, däp boýunça nobatdaky iş gününi bedenterbiýe we sport maşklaryndan başlady. Milli Liderimiz sport toplumynyň türgenleşik zalynda gurnalan sport enjamlarynda maşklaryň birnäçesini ýerine ýetirdi. Hormatly Prezidentimiziň hemişe nygtaýşy ýaly, bedenterbiýe we sport adam bedeniniň berkidilmeginde we sagdynlygynda möhüm orny eýeleýär, ony taplaýar, beden maşklary bilen yzygiderli meşgullanmak bolsa iş ukyplylygyny we çydamlylygy ýokarlandyrýar.

Hyzmatdaşlyk

MASEM-niň guran seminary derýalary basseýn usulynda dolandyrmagyň sebit tejribesine bagyşlandy

Ýelena DOLGOWA

Duşusyga işi ykdysadyýetiň tebigy serişdeleri ulanmak bilen baglanşykly döwlet edaralarynyň wekilleri, dürli ekologiýa taslamalarynyň, TTGJ we „Tebigy kuwwat“, tebigaty goramak jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri, AHEHG-nyň DÖDT-y, BMG-nyň ÖM-ny, GIZ ýaly tebigy serişdelri goramak we olardan rejeli pýedalanmak boýunça Türkmenistanyň hyzmatdaşlary bolan halkara guramalarynyň wekilleri, Mejilisiň deputatlary, Oba we suw hojalygy, Malýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň hünärmenleri, şeýle hem Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary gatnaşdylar.

Ykdysadýet

Balkan welaýatynda tebigy baýlyklary gaýtadan işlemekde iri möçberli taslamalar amala aşyrylýar

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumy gurulýar. Bu taslama “TOYO Engineering” (Ýaponiýa), “LG International Corporation” we “Hyundai Engineering Corp. Ltd” (Koreýa Respublikasy) kompaniýalarynyň konsorsiumy tarapyndan bilelikde amala aşyrylýar. Onuň umumy bahasy ABŞ-nyň 3,4 milliard dollaryna golaýdyr. Kärhanany 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga bermek bellenilýär. Ýöne gurluşyk işleri düýpli öňürtme bilen alnyp barylýar. Häzir bu ýerde 5,5 müňden gowrak adam işleýär. Toplumyň işe girizilmegi bilen bu ýerde 1300-e golaý adam zähmet çeker.

Hyzmatdaşlyk

Maglumatlar tehnologiýalary boýunça halkara bilermen Ion Koşulýanu Döwlet gullugy akademiýasynda umumy sapaklary geçdi

Hajymyrat PIRMUHAMMEDOW, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň uly mugallymy

2017-nji ýyla meýilnamalara laýyklykda 31-nji oktýabrdan 4-nji noýabr aralygynda Moldowa Respublikasyndan maglumatlar tehnologiýalary babatda halkara bilermen Ion Koşulýanunyň sapary boldy.