Habarlar 9 november 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara deňiz portunyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Mälim bolşy ýaly, geoykdysady taýdan amatly ýerleşýän Türkmenistan, ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň depginlerini güýçlendirmek, bu ulgamlarda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýän möhüm ýagdaý hökmünde üstaşyr-ulag mümkinçiligini durmuşa geçirmäge ilkinji derejeli ähmiýet berýär. Şu maksat bilen, deňiz, howa, demir ýol hem-de awtomobil gatnawlaryny goşmak bilen, “Gündogar — Günbatar” we “Demirgazyk — Günorta” häzirki zaman ulag gatnaşyklarynyň ulgamy yzygiderli kemala getirilýär. Bu bolsa özara bähbitli sebit hem-de Ýewraziýa giňişliginde sebitara söwda-ykdysady aragatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly ...

Hyzmatdaşlyk

Aziýa-Ýuwaş umman teleradio gepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Mejlisiň esasy wezipeleri iri sport ýaryşlaryndan we halkara çärelerinden göni ýaýlymda alyp görkezmegi guramak, işgärleri taýýarlamak we beýlekiler babatda tejribe alyşmakdan, hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini kesgitlemekden, işgärleri taýýarlamakdan we beýlekilerden ybarat boldy.

Ylym

Aşgabatda bilim we sport ulgamynda gazanylan dünýä üstünlikleri bilen tanyşdyryldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Her ýyl geçirilýän serginiň esasy maksady döwlet durmuş syýasatynyň möhüm ugurlary bolan bilim, bedenterbiýe we sport ulgamlaryny ösdürmäge ýardam etmekden, bu babatda möhüm ugurlar hem-de esasy meýiller bilen tanyşdyrmakdan, döwrebap tehnologiýalary ilerletmekden we bilim bermegiň usulyny ýokarlandyrmaga ýardam edýän döwrebap tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy usullary ornaşdyrmakdan ybaratdyr.

Teswirlemeler

2017-nji ýylyň oktýabry: daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri oktýabr aýynyň başynyň köpöwüşginli wakasy boldy. Bu çäre iki ýurduň Medeniýet ministrlikleri tarapyndan guraldy, onuň çäklerinde Igor Moiseýew adyndaky Döwlet akademiki halk tans toparynyň, konserti, “Demirgazyk Russiýanyň tebigaty” diýen fotosergi guraldy. Häzirki zaman çeper filmleriniň görkezilişleri, türkmen paýtagtynyň tans toparlary üçin ussatlyk sapaklary geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýurdumyza resmi saparyna gabatlanyp geçirilen bu Medeniýet günleri iki dostlukly döwletiň medeni-ynsanperwer ulgamyndaky strategiki hyzmatdaşlygynyň uly ähmiýetiniň subutnamasy boldy.

Hyzmatdaşlyk

Bilim forumyna daşary ýurtly gatnaşyjylar Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň geljegine ýokary baha berýärler

Wiktoriýa NOWIKOWA

Foruma gatnaşyjylaryň arasynda ýurdumyzyň dürli ylym-bilim we sport edaralarynyň wekillleri, şeýle hem tematiki sergi boýunça olaryň hyzmatdaşlary we oňa ilkinji gezek gatnaşýanlar bar, olar türkmen kärdeşlerini bu ulgamlary döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen iň täze gazanylanlar we wajyp ideýalar bilen tanyşdyrarlar.

Jemgyýet

Durnukly ösüş maksatnamalary boýunça Ylmy-usulýet merkezi syýasy partiýalaryň wekilleri üçin seminar gurnady

Wiktoriýa NOWIKOWA

Merkeziň mugallymlarynyň arasynda BMG-nyň, BMGÖM-nyň, BMG-nyň Ilat gaznasynyň bilermenleri, şeýle hem ministrlikleriniň, hukuk institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, ýurdumyzyň beýleki bilim edaralarynyň we ş.m. hünärmenleri bar.

Wakalaryň jümmüşinde

Hormatly Prezidentimiz bilim we sport baradaky halkara sergisine hem-de ylmy maslahatyna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

Milli bilimiň hilini hem-de mazmunyny dünýä ölçeglerine laýyklykda üpjün etmek maksady bilen, dine bir häzirki döwür üçin däl, eýsem, uzak geljegi nazarlaýan giň möçberli özgertmeleri amala aşyryp, orta, orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň täze binalaryny gurýarys. Öňdebaryjy dünýä tejribelerini, täze bilimleri, kompýuter we barlaghana enjamlaryny okuw işine giňden ornaşdyrýarys, döwrebap okuw kitaplaryny, okuw-usuly gollanmalaryny taýýarlaýarys.