Habarlar 1 fewral 2017

Hyzmatdaşlyk

Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Iki günlük mejlis Daşary işler ministrligi, Ykdysadyýet we ösüş ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guraldy. Duşuşyga Hazar sebiti ýurtlarynyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşýarlar. Olaryň hatarynda Russiýa Federasiýasynyň Ykdysady ösüş ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň, Eýran Yslam Respublikasynyň Söwda we ösüş guramasynyň, Gazagystan Respublikasynyň Milli ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri we beýlekiler bar.

Jemgyýet

Mary welaýatynyň merkezinde mümkinçiligi çäkli bolan adamlara niýetlenen täze dört gatly ýaşaýyş jaýynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Dabara Mejlisiň Başlygy we deputatlary, welaýatyň hem-de şäheriň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, zähmetkeşler toparlarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Ykdysadyýet

Tebigy hazynalaryň ylmy «açary»

Vladimir Komarov,
photo by author

“Türkmengaz” döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň işgärleri pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmagyň meseleleri bilen meşgullanýar. Uglewodorod känleriniň netijeli gözlegini we barlagyny ylmy-barlag institutynyň işgärleriniň nähili amala aşyrýandygy barada TDH-nyň habarçysyna geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty, institutyň direktorynyň orunbasary Taganguly ILAMANOW gürrüň berýär:

2017 Выборы Президента Туркменистана

Türkmenistana ÝHHG-niň topary geldi

Duşuşyklaryň barşynda olara gatnaşyjylar ikitaraplaýyn köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijelidigini bellediler. Saýlaw möwsümlerini geçirmegiň hukuk kadalaryny we halkara tejribesini öwrenmek we bu babatda tejribe alyşmak şol hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky esasy waka — Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns berildi.

2017 Выборы Президента Туркменистана

GDA-nyň Synçylar toparynyň agzalary dalaşgärleriň ynanylan wekilleri bilen duşuşyklary dowam edýärler

GDA-dan Synçylar toparynyň Ştaby

GDA-nyň Synçylar toparynyň Ştabynyň ýolbaşçysy Ý.Sloboda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ýolbaşçy düzümi bilen duşuşyk geçirdi. Onda häzirki döwürde geçirilýän jemgyýetçilik-syýasy çäräniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2017 Выборы Президента Туркменистана

Teswirlemeler

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirmek: deň hukuklar we deň mümkinçilikler

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

«Men döwlet Baştutanynyň saýlawlaryna gatnaşmak üçin dalaşgärleriň has köp bolmagyny isleýärin» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Ýaşulular maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ylymly-bilimli we tejribeli, halkymyza wepaly bolup, jany-teni bilen gulluk etmek isleýän her bir raýatymyza, syýasy partiýalardan ýa-da raýatlar toparlaryndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlik etmäge mümkinçilik döredilmeginiň möhümdigini belledi.

2017 Выборы Президента Туркменистана

Süleýmannepes Nurnepesow Lebap welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşdy

Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet drama teatrynda geçirilen duşuşyga ýerli häkimiýet düzümleriniň ýolbaşçylary, zähmetkeş toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

2017 Выборы Президента Туркменистана

Maryda saýlawçylaryň Serdar Jelilow bilen duşuşygy geçirildi

Kemine adyndaky döwlet drama teatryna ýerli häkimiýet düzümleriniň ýolbaşçylary, welaýatyň kärhanalarynyň we guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

2017 Выборы Президента Туркменистана

Durdugylyç Orazow Daşoguz welaýatynyň saýlawçylaryny saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy bilen tanyşdyrdy

Duşuşygyň başynda dalaşgäriň ynanylan wekiline söz berildi. Ol ýygnananlary özüni oňat guramaçy we ökde hünärmen hökmünde tanadan, bilim ulgamynda we oba hojalyk pudagynda uly iş tejribesi bolan ak ýürekli adam hökmünde häsiýetlendirilýän ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy.