Habarlar 11 fewral 2017

Jemgyýet

Paýtagtymyzda täze binalaryň açylyş dabaralary

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Aşgabat şäheri gün-günden özgerýär we ol öz çäklerini yzygiderli giňeldip, dünýäniň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýar. Şäher ilatynyň göwnejaý ýaşaýşy we döredijilikli zähmeti üçin ähli amatlyklaryň, oňaýly daşky gurşawyň döredilmegi, ilatyň wagtyny peýdaly geçirmegi ugrunda zerur amatlyklaryň üpjün edilmegi paýtagtymyzyň ösüşiniň möhüm ugry bolup durýar. Soňky ýyllarda Aşgabatda ähli durmuş üpjünçilik düzümlerini özünde jemleýän täze ýaşaýyş jaý toplumlary, seýilgäh zolaklary emele geldi. Ýüzlerçe desgalar guruldy. Olaryň hatarynda özüniň binagärlik we inženerçilik çözgüdi boýunça halkara derejesindäki abraýly bäsleşikleriň ýokary baýraklaryna mynasyp bolanlary az ...

Sport

Türkmen samboçylary – umumytoparlaýyn hasapda üçünji

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ozal habar berlişi ýaly, Minskde geçirilen ýaryşlara gatnaşmak üçin Ukrainadan, Russiýadan, Bolgariýadan, Rumyniýadan, Gresiýadan, Ysraýyldan, Slowakiýadan we beýleki ýurtlardan – 16 döwletden 200-den gowrak türgen ýygnandy. Biziň ildeşlerimiz bu bäsleşiklerde düýn jemi ýedi medala – dört altyn, bir kümüş we iki bürünç medala eýe boldular. Bu netije ýurdumyzyň ýygyndy toparyna ýaryşyň birinji gününiň görkezijileri boýunça umumytoparlaýyn hasapda öňdeligi eýelemäge mümkinçilik berdi. Russiýalylar we ýer eýeleri öz aralarynda ikinji-üçünji orny paýlaşdylar. Ýaryşlaryň iki gününiň netijeleri boýunçaTürkmenistanyň ýygyndy toparynyň mynasyp bolan medallarynyň sany 12-ä ýetdi, olaryň altysy altyn, üçüsi ...

Ykdysadyýet

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler jemi 6 million 72 müň manatlyk polipropileni, nebit ýol bitumyny (TNGIZT) we azyklyk bugdaý satyn aldylar.

Wakalaryň jümmüşinde

Islegiňi erkin beýan etmek jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň esasydyr

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda TDH-nyň habarçysyna habar berilmegine görä, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryň ýanyndaky ähli saýlaw uçastoklary Prezident saýlawlaryny geçirmäge doly taýýar edildi. Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky döwürde uly möçberli işler amala aşyryldy, şol işlere ähli derejedäki döwlet düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri goşuldylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmek ýurdumyzda saýlawlar boýunça hereket edýän kanunçylyga we halkara hukugyna degişli kadalara laýyklykda amala aşyryldy.