Habarlar 12 fewral 2017

2017 Выборы Президента Туркменистана

Türkmenistanda Prezident saýlawlary demokratik esasda geçirildi

Hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, 10-njy fewralda Türkmenistanda saýlawlaryň öňüsyrasyndaky wagyz işleri tamamlandy, bu gün bolsa irden sagat 7-de ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklarynda ses bermek işleri başlandy. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň TDH-a beren maglumatlaryna görä, irden sagat 10-da tutuş ýurdumyz boýunça saýlawçylaryň umumy sanynyň 40 göterimden gowragy ses berdi, sagat 12-de bu görkeziji 62 göterimden geçdi. Sagat 14-e çenli Türkmenistanda islegini erkin beýan etmäge bolan öz konstitusion hukugyny hasaba alnan saýlawçylaryň ählisiniň 81 göterimden gowragy berjaý etdi, sagat 19-a çenli, ýagny saýlaw uçastoklarynyň ýapylýan pursatyna çenli saýlawçylaryň 97,27 ...

Hyzmatdaşlyk

Dünýä metbugatynyň sahypalarynda

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan bu jemgyýetçilik-syýasy çärä giň möçberli taýýarlyk işleriniň ýaýbaňlandyrylandygyny bellemeli. Soňky aýlarda dünýäniň öňdebaryjy habarlar agentlikleriniň, belli metbugat we internet neşirleriniň, şol sanda häzirki döwürde ýokary tehnologiýa mümkinçilikleri esasynda giň okyjylar köpçüligi bolan köp sanly elektron gazetleriň we saýtlaryň ünsi ýurdumyza gönükdi.

2017 Выборы Президента Туркменистана

Raýatlarymyzyň daşary ýurtlarda ses bermekleri

Saýlaw uçastoklary dünýäniň her sebitindäki ýerli wagta laýyklykda ir säher bilen açyldy. Jemgyýetçilik-syýasy çäräniň guramaçylary tarapyndan saýlawlaryň geçýän döwri daşary ýurtlarda bolan ýurdumyzyň raýatlarynyň konstitusion hukuklaryny peýdalanmagy üçin ähli zerur şertler döredildi.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň baştutany wezipesine dalaşgärler Prezident saýlawlaryna gatnaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Açyklyk hem-de aýanlyk esasynda geçirilýän bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre halkymyzyň agzybirligini we bitewüligini, türkmenistanlylaryň oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň ykbaly üçin ýokary jogapkärçilik çekýändigini bütin aýdyňlygy bilen äşgär etdi.