Habarlar 14 fewral 2017

Hyzmatdaşlyk

Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Daşary işler ministrligi, Döwlet balyk hojalygy komiteti we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guralan duşuşygyň gün tertibiniň esasy meselesi Hazar deňzinde biologiki serişdeleri bikanun almaga (brakonýerlige) garşy göreşmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamanyň taslamasyny ylalaşmak bilen bagly boldy. Türkmen tarapyndan işlenip taýýarlanylan resminama 2010-njy ýylda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň III sammitinde gol çekilen Hazar deňzinde howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň üstüni ýetirmelidir.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň jemleri boýunça Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ozal habar berlişi ýaly, üç aýdan gowrak mundan öň badalga berlen hem-de geçen dynç güni — 12-nji fewralda üstünlikli tamamlanan bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda, giň bäsdeşlik esasynda geçip, türkmen jemgyýetinde demokratik özgertmeleriň ýaýbaňlanandygyny, ilatyň aň-düşünjesiniň artandygyny aýdyň görkezdi.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň wekillerini kabul etdi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

I.Umahanow türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy geçen ýekşenbede üstünlikli geçirilen saýlawlarda ynamly ýeňiş gazanmagy bilen gutlady hem-de Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkonyň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Nygtalyşy ýaly, ses bermegiň jemlerinde öz beýanyny tapan türkmen halkynyň erk-islegi döwlet Baştutanymyzyň abraýynyň belentdigini hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasy ugrunyň ählumumy goldawa mynasyp bolýandygyny aýdyň görkezdi.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-NYŇ Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygyny kabul etdi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen paýtagtyna ýene-de gelip görmek hem-de düýpli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurduň durmuşyndaky möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka gatnaşmak mümkinçiligine örän şatdygyny nygtady. Sergeý Lebedew pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine geçirilen saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen döwlet Baştutanymyzy gutlady hem-de ýokary döwlet wezipesinde iri möçberli işlerinde we bellenen maksatnamalary durmuşa geçirmekde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdi.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň we Russiýanyň umumy bähbitlere laýyk gelýän dostlukly gatnaşyklara hem-de deňhukukly netijeli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň we Gazagystanyň dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Özbegistanyň Baştutany türkmen kärdeşini Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk hem-de ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan jogapkärli işinde täze uly üstünlikler arzuw etdi.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ukrainanyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-birege jan saglyk we bagtyýarlyk arzuw etdiler.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Owgan Lideri Türkmenistanyň Baştutanyny Prezident saýlawlarynda ynamly gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden we mähirli gutlady hem-de jogapkärli döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Goňşy döwletiň ýolbaşçysy ýurduň parahat durmuşyny berkitmekde berýän hemişelik kömegi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we bütin türkmen halkyna uly hoşallyk bildirdi.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Russiýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Baştutanyny mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy üçünji gezek ýokary döwlet wezipesine saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden we mähirli gutlady hem-de türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işinde üstünlik arzuw etdi.

Laws

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Döwlet protokoly hakynda (rejelenen görnüşi)

1-nji madda. Döwlet protokoly diýen düşünje

Ylym

Ildeşimiz ylmy işleriň VI Halkara olimpiadasynda kümüş baýraga mynasyp boldy

Wiktoriýa NOWIKOWA

Türkmen mekdep okuwçylary „Ylym ugry“ Ylmy-önümçilik edarasynyň (Taganrog) yzygiderli gurnaýan ylmy işleriň halkara olimpiadasynda ýygy-ýygydan ýeňiş gazanýarlar, bu bolsa ýurdumyzda amala aşyrylýan innowasion bilim özgertmeleriň netijeliligine şaýatlyk edýär.

Sport

Türkmenistanyň iň beýik nokady bolan Aýrybaba dag depesine alpinistler «Aziada – 2017-niň» nyşanyny çykarar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilen 2017-nji ýylyň hormatyna Döwlet habarlar agentligi (TDH) hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitet “Dagyň depesine çykmak” taslamasynyň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Şu taslamanyň çäklerinde alpinistleriň bir topary ýurdumyzyň iň belent nokadyna “Aziada—2017-niň” nyşanyny çykarar.