Habarlar 15 fewral 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: saýlawlarda özümiň goldanylmagymy gazanan üstünliklerimiziň netijesi hökmünde kabul edýärin

Bu saýlawlarda mähriban halkymyň maňa bildiren uly ynamy meni galkyndyrýar. Geçirilen saýlawlaryň netijeleri soňky bäş ýylyň dowamynda amala aşyrylan oňyn özgertmeleri halkymyzyň doly goldaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Hormatly Prezidentimiz bilelikdäki mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen döwlet Baştutanynyň ählihalk saýlawlarynyň jemlerini yglan etmek üçin Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berdi. G.Myradow Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlarynyň jemleri barada habar berdi. Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy bu çärä taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barlan giň gerimli işler barada aýdyp, saýlaw uçastoklarynyň 2 müň 587-siniň döredilendigini, şolaryň 2 müň 548-siniň ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda, 39-synyň bolsa Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki diplomatik wekilhanalarynyň we wekilçilikli edaralarynyň ýanynda ...

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Pakistanyň hökümet Baştutany döwlet Baştutanymyzy Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady we jogapkärli döwlet wezipesinde uly üstünlikler arzuw etdi. Şeýle hem Premýer-ministr Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mannun Huseýniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna aýdan bagt, parahatçylyk hem-de abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Pakistan ähli ugurlarda belent sepgitlere ýeten Türkmenistan bilen dostluk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ermenistan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Dostlukly döwletiň Baştutany öz kärdeşini Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, abadançylyk we üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Resmi habar

Döwlet baştutanlary we meşhur syýasy işgärler Gurbanguly Berdimuhamedowa gutlaglaryny iberdiler

Türkmen döwletiniň baştutanyny Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Halifa Bin Zaed Al-Nahaýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministri Binali Ýyldyrym, Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Artur Rasi - zade, Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň başlygy Mihail Mýasnikowiç, Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Muhammed Bin Zaed Al Nahaýan, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaý emirliginiň häkimi Muhammed Bin Raşid Al-Maktum, Russiýa ...

Resmi habar

Döwlet Baştutanynyň Permanyna laýyklykda 828 raýatyň günäsi geçildi

Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.

Ylym

HYYweÖU-niň talyplary robot tehnikasy boýunça abraýly halkara bäsleşiginde ýeňiş gazandylar

Wiktoriýa NOWIKOWA

2001-nji ýylda ABŞ-da gurnalan RoboRAVE bäsleşigi indi sekiz ýurtda, şol sanda Hytaýda, Meksikada, Ispaniýada we Fransiýada geçirilýär.

Wakalaryň jümmüşinde

Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň jemlerini yglan etdi

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Merkezi saýlaw topary tarapyndan ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň 9-sy hasaba alyndy. Olaryň 3-si syýasy partiýalar tarapyndan, 6-sy bolsa raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenildi.