Habarlar 16 fewral 2017

Wakalaryň jümmüşinde

17-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kasam kabul ediş dabarasy bolar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ruhyýet köşgünde geçiriljek dabara resmi daşary ýurt wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary çagyryldy. Synçylar hökmünde ýurdumyza gelip, ýerlerde saýlawlaryň barşyna gözegçilik eden halkara guramalarynyň wekilleri, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçileri, milli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň, giň jemgyýetçiligiň wekilleri hem dabara gatnaşar.