Habarlar 17 fewral 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi taýdan işe girişmek dabarasynda eden çykyşy (Aşgabat ş. 2017-nji ýylyň 17-nji fewraly)

Şu gün ajaýyp Ruhyýet köşgüniň mejlisler zalynda men hormatly ýaşulularymyza, abadan we bagtyýar geljegi gurmak wezipesi öňünde duran merdana ýaşlarymyza, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna, Milli parlamentiň deputatlaryna, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we diplomatik korpusyň wekillerine berk jan saglyk, uly üstünlikler, bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarym bilen ýüzlenýärin!

Ykdysadyýet

Galyndysyz tilsimatlaryň önümçilige ornaşdyrylmagy bilen TNGZT-da çig nebitden dünýä bazarlarynda islegli önüm öndürilýär

Mihail BOBKIN

Nebti çuňlaşdyryp gaýtadan işlemekde mazuty wakuumdan geçirip böleklere bölýän WT-3 enjamy bu önümçilikleriň arasynda aýratyn orun tutýar. WT-3 enjamy ýylda iki million tonna nebti gaýtadan işlär. Sagatda 280 kubmetr mazut gaýtadan işlenilende (onuň aňryçäk kuwwatlylygy sagatda 300 kubmetrdir) enjam bir gije-gündizde reaktoruň üstünden 6,5 müň kubmetr mazut geçirip, ondan 4,5 müň tonna agyr gazoýl, 400 kubmetre golaý ýeňil gazoýl we 2 müň kubmetrden gowrak gudron öndürýär. Agyr gazoýl turba geçirijiden ýokary oktanly benzin we suwuklandyrylan nebit gazyny almak üçin katalitik kreking enjamyna (MSCC) ugradylýar. Wakuumdan geçirilip böleklere bölünen mazut bölekleri ulag serişdeleri we senagat enjamlary üçin çalgy ýaglaryny ...

Ykdysadyýet

Kaka etrabynyň «Serdar» pagta egirýän fabriginiň täze bölümi ýylda 1300 tonna towlanan ýüplük öndürer

Wladimir KOMAROW

Ýaponiýanyň we Ýewropa ýurtlarynyň ýokary öndürijilikli enjamlary oturdylyp geçirilen toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak işleri daşary ýurtlardan getirilýän matalaryň ornuny tutjak arassa pagtadan we ýüpekden ýokary hilli matalary öndürmäge mümkinçilik berýär.

Medeniýet

Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde Baýdak baýramyna bagyşlanan sergi açyldy

Zinýat GAFFARI,
surata düşüren Ýuriý ŞKURIN

Ýurdumyzyň taryhyndaky şanly seneleri beýan edýän suratlar sergä gelenlerde uly gyzyklanma döredýär. Bu ýerde tanymal nakgaşlaryň eserleri, ajaýyp milli halylar we gobolenler hem görkezilýär. Çeper elli türkmen zenanlarynyň yhlasyndan dörän dünýä kartasy we döwletleriň ählisiniň baýdaklary şekillendirilip elde dokalan mata göreni haýran edýär. Paýtagtymyzyň gözel ýerleri, taryhy-medeni ýadygärlikler, dogduk diýaryň ajap tebigaty şekillendirilen haly önümleri-de ünsüňi özüne baglaýar.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow älem giňişligini öwrenmek boýunça merkez döretmek barada pikir aýtdy

Döwlet baştutany aragatnaşyk pudagyny ösdürmäge uly üns bereris, älem giňişligini özleşdirmegi, täze hemralary uçurmagy dowam ederis, olar telearagatnaşyk ulgamlarynyň kämilleşdirilmegine, halk hojalygynyň netijeli işlemegine, yklymlary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegine ýardam eder diýip belledi.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda syýasy ulgamy kämilleşdirmegiň möhümligini belledi

Döwlet baştutany şeýle hem jemgyýetçilik-syýasy durmuşda ýerli ýerine ýetiriji häkimiýeti berkitmegiň, häkimiýetiň ýerli wekilçilikli saýlaw edaralarynyň- welaýat, etrap we şäher Halk maslahatlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň-Geňeşleriň ähmiýetini güýçlendirmegiň zerurlygyny nygtady.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: biz ilatyň jan başyna düşýän girdejisini öňdebaryjy ýurtlaryň derejesine ýetireris

Her bir maşgalany döwrebap ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek üçin ähli amatlyklary bolan tutuş ýaşaýyş-jaş toplumlaryny, obalary we şäherçeleri gurarys, ilatly ýerleriň hemmesinde ilata durmuş taýdan hyzmat edýän kiçi merkezleri döredip, olarda zerur gullukaryň, halk senetleri bölümleriniň, şeýle hem ulag serişdelerine tehniki hyzmat ediş nokatlarynyň işini ýola goýarys.

Wakalaryň jümmüşinde

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi

Ýurdumyzyň tebigy baýlyklary raýatlarymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdiriler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda uglewodorod serişdeleri çuňňur gaýtadan işleniler we önldüriler, bu serişdeler ýokary hilli benzin, polipropilen, polietilen we suwulandyrylan gaz görnüşinde uly islegden peýdalanýar.

Wakalaryň jümmüşinde

Hormatly Prezidentimiz wezipä girişmegiň dabarasynda durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny belledi

Geljekki ýedi ýylyň dowamynda biz “Bilimli nesil – kuwwatly Watan”, “Medeniýet halkyň kalbydyr”, “Il saglygy-- ýurt baýlygy” şygarlary astynda işläris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň saýlanylan Prezidenti öz işine girişdi

“Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek bilen, öz üstüme ýüklenen wezipeleri ak ýürekden we mynasyp derejede yzygiderli ýerine ýetirmäge; Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyny hem-de bitaraplyk derejesini goramaga; adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga; Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalaryny berjak etmäge we goramaga; öz ähli güýç-gaýratymy hem-de başarnyklarymy türkmen halkynyň jebisligi, onuň parahat durmuşyny goramaga bagyşlamaga, tükmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň sarpasynyň belende göterilmegi üçin ähli mümkinçiliklerimi peýdalanmaga; türkmen halkyna gulluk etmäge dabaraly kasam edýärin”.

Wakalaryň jümmüşinde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy

Döwlet Baştutanymyz özüne bildirilen ýokary ynam üçin ähli watandaşlarymyza çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine beýleki dalaşgärleriň adyna hem minnetdarlyk sözleri aýdyldy. Saýlawlaryň öň ýanyndaky bäsdeşikleriň ähli tapgyrlarynda olar ýokary medeniýeti wehünär derejesini, ýolbaşçy wezipeleri eýelemäge mynasypdyklaryny görkezdiler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Wakalaryň jümmüşinde

Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň wezipesine girişmegi mynasybetli dabaraly çäre boldy

Şu gün bu ýere Mejlisiň Başlygy we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, milli parlamentiň deputatlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, Ýaşulular geňeşiniň, ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleri ýygnandylar. Şeýle hem ýygnananlaryň hatarynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň agzalary, döwlet Baştutanynyň wezipesine dalalşgärler, ýurdumyza synçylar hökmünde ýurdumyza gelen we saýlaw döwründe ýerlerde syn etmegi amala aşyran halkara guramalaryň wekilleri bar.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Iki döwletiň Baştutanlary mähirli we doganlarça salamlaşyp, birek-birege berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk arzuw etdiler.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny iň bir aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda aýdylýar.

Sport

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we Aziada—2017-niň nyşany ýurdumyzyň iň belent nokadynda!

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Sport — watançylyk çäresine gatnaşyjylar üçin bu pursat örän tolgundyryjy boldy. Deňiz derejesinden 3139 metr belentlik, hakykatdan hem haýran galdyrýar!