Habarlar 18 fewral 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, esasy meseleleri öz içine alan gün tertibini yglan etdi. Olaryň hatarynda strategik taýdan möhüm mesele  Türkmenistanyň ýakyn ýedi ýyl üçin daşary syýasat ugruna bagyşlanan mesele bar.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy

Häzirki döwürde dünýä çalt depginler bilen özgerýär. Dürli-dürli syýasy we ykdysady guramalar peýda bolýar. Täze howplar hem-de wehimler ýüze çykýar. Şeýle şertlerde jogapkärli we oýlanyşykly daşary syýasaty alyp barmagyň aýratyn möhüm ähmiýeti bardyr. Bu syýasat bitaraplygyň anyk esaslaryna hem-de aýdyň ugurlaryna laýyk gelmelidir, hemişe halkymyzyň taryhy tejribesine daýanmalydyr. Uzak asyrlaryň dowamynda toplan gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna we ahlak sütünlerine esaslanmalydyr.

Medeniýet

Türkmenistanyň Diplomatiýa işgärleriniň gününe bagyşlanan sergide rus we Günbatar Ýewropa medeniýetiniň gymmatlyklarynyň nusgalary görkezildi

Tamara GLAZUNOWA,
surata düşüren Ýuriý ŞKURIN

18 asyrda rus ussatlarynyň ýasan diwany sergide esasy orun eýeleýär. Goýras-gülgüne reňkli we gara lak çalnan elgoýarly ullakan ýumşak mebel diňe ýokary gatlagyň wekilleriniň öýlerinde bolupdyr. Mälim bolşy ýaly, Pawel I Fransiýadan Russiýa mebel getirmegi gadagan edipdir, bu bolsa Russiýada mebel ýasamak işiniň ösmegine ýardam edipdir. Diwanyň depesinde Aleksandr III-iň aýaly imperator Mariýa Fýodorownanyň suraty asylypdyr.

Medeniýet

Çeperçilik sungaty muzeýinde Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanyp türkmen nakgaşlarynyň işleriniň sergisi guraldy

Tamara GLAZUNOWA,
surata düşüren Ýuriý ŞKURIN

Bu ýere gelýänleriň ünsüni dessine özüne çekýän işleriň biri-de Ýarly Baýramowyň simwolizm žanrynda çeken “Bagtyýar Türkmenistan” atly eseridir. Ussat nakgaş öz gahrymanlaryny-dürli nesliň wekilleri bolan oguldyr gyzy bilen duran atasyny Aşgabadyň gözel keşbi görnüp duran belent depede şekillendiripdir. Gyzyň elinde sahawatly türkmen topragynyň miwelerinden doly mejime bar, oglan bolsa parahatlygyň nyşany ak kepderileri asman sary uçurýar. Goýras reňkler, mähir-muhabbetli keşpler, erteki güne ynamly ýordum dartgynlygy suratyň özgertmeleriň döredijilik binýady bolan maşgala rahatlygyny we agzybirligini nygtaýar.

Wakalaryň jümmüşinde

«Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyna gatnaşyjylara

Sizi «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynyň öz işine başlamagy bilen hem-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Hyzmatdaşlyk

Bitaraplyk we parahatçylyk döredijilik türkmen diplomatiýasynyň esasy ugrudyr

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi,
fotosuraty Yuriy SKURININKI

Foruma gatnaşmak üçin ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň, Mejlisiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň wekilleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary çagyryldy.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi

Ýurdumyzyň ilatynyň Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyn gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, karar edýärin:

Sport

Hokkeý boýunça milli ýygyndy topary Sapporodaky VIII gyşky Aziýadada ynamly ýeňiş bilen başlady

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Duşuşygyň ikinji minutynda türkmenistanlylaryň kapitany Ahmet Gurbanow Aleksandr Wahowskä hokkeý topuny geçirdi, ol bolsa ony bäsdeşleriň derwezesine dogry gönükdirmegi başardy. Şeýle hem Aleksandr 10 minutdan soň hasaby 2-ä ýetirdi, Işan Weleýewiň, Ýakup Berdiýewiň we Ezizmuhammet Akmuhammedowyň dürs urgulary duşuşygyň birinji döwründe hasabyň 5:0-a ýetirilmegini üpjün etdi.

Sport

Tailandda jiu-jitsu boýunça ussatlarymyz 29 medal gazandylar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ýaryşlar sportuň bu görnüşiniň “ne-waza” we “duo” ugurlary boýunça geçirildi. Biziň türgenlerimiz Kemal Meredow, Myrat Gimmiýew, Döwran Myradow, Nasibjan Izbasarow we Maral Öwezgeldiýewa hormat münberiniň ýokarky basgançagyna çykmagy başardylar.