Habarlar 19 fewral 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaralar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Bu günki gün milli senenamamyzda aýratyn senedir—çärýek asyr mundan ozal, ýagny, 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy tassyklanyldy. Şanly senäniň öz mukaddesliklerine çuňňur sarpa goýýan halkymyz üçin örän uly ähmiýeti bar. Ýigrimi bäş ýylyň dowamynda ýurdumyz ýaşyl Tugy astynda özüniň iň täze taryhyny döredýär, abadançylygyň hem-de ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe baryp, barha ýokary sepgitlere ýetmek bilen, dünýäde garaşsyz ösüşiň täsin nusgasy bolan döwlet hökmünde berkarar bolýar.

Medeniýet

Paýtagtymyzyň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaraly konsert boldy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi,
fotosuraty Yuriy SKURININKI

Mähriban Watanymyza buýsanç duýgulary, türkmenistanlylaryň ruhubelentligi Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň ajaýyp zalynda höküm sürýän şatlykly ýagdaýy emele getirdi. Bu ýere köp sanly tomaşaçylar, şol sanda şu günlerde Aşgabada gelen daşary ýurtly myhmanlar ýygnandy.

Sport

Tailandda jiu-jitsu boýunça ussatlarymyz 44 medal gazandylar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Bangkok şäherine Malaýziýadan, Indoneziýadan, Singapurdan, Iordaniýadan, Tunisden, Wýetnamdan we beýleki ýurtlardan türgenleriň ýüzlerçesi geldiler. Ýaryşlar sportuň bu görnüşiniň üç ugry boýunça tutluşyklar hem-de görkezme çykyşlarynyň “ne-waza” we “duo” diýen ugurlary boýunça geçirildi.

Ykdysadyýet

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Manat serişdelerine daşary ýurtly telekeçiler jemi bahasy 1 million 793 müň manatdan gowrak garaköli we saryja goýunlarynyň ýüňüni satyn aldylar.