Habarlar 2 fewral 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Mejlisiň çäklerinde döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi. Olar ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de türkmen topragynda parahatçylygy we asudalygy saklamak, kanunylygy we düzgün-tertibi üpjün etmek boýunça wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, Belent Serkerdebaşymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Laws

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda

1. 1995-nji ýylyň 24-nji noýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň Ministrler Kabineti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1995 ý., № 3, 35-nji madda; 2000 ý., № 2, 17-nji madda; 2011 ý., № 1, 16-njy madda):

Jemgyýet

Suwly-batga ýerleri saklap galmak Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir

Eldar RUSTAMOW,
professor,
MA RSB-nyň guramaçylyk komiteti

1971-nji ýylyň 2-nji fewralynda Eýranyň Ramsar şäherinde suwda ýüzýän guşlaryň ýaşaýan ýeri hökmünde halkara ähmiýetli suwly-batga ýerler hakynda (Ramsar) Konwensiýasyna gol çekildi. 1997-nji ýyldan başlap oňa gol çekilen gün suwly-batga ýerleriň Bütindünýä güni diýlip yglan edildi we ol planetamyzyň tebigatynyň jandarlar dünýäsiniň durnukly ösüşi üçin bu ýerleriň gymmatyna ünsi çekmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda dünýä ýurtlarynyň 159-sy konwensiýanyň tarpdarlarydyr, dünýäde Ramsar ýerleriniň 2250-si hasaba alyndy, olaryň umumy meýdany 215 million gektardyr. Şu ýyl suwly-batga ýerleriň Bütindünýä güni „Suwly –batga ýerler heläkçiligiň döremek howpuny azaldýar“ şygar astynda geçdi.

Medeniýet

Çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda gurnalan sergi ýaşlaryň döredijiligine bagyşlandy

Tamara GLAZUNOWA,
surata düşüren Ýuriý ŞKURIN

Uşajyk gasynlar, saçynyň her tary timarlanan, durmuş tejribesini toplan, ýaşy durugşan bu kişiniň suraty şeýle bir takyk çekilipdir welin, „Şu elde çekilen zatmyka?“-deýeniňi bilmän galýarsyň.

2017 Выборы Президента Туркменистана

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlar boýunça öňünden ses bermek başlandy

Saýlaw kodeksine laýyklykda, bu işler, ilkinji nobatda, uzak wagtlyk iş saparlaryna ýa-da dynç alşa gidýän raýatlar hem-de beýleki sebäplere görä, saýlawlar güni 12-nji fewralda saýlaw uçastogyna gelip bilmejek we has mynasyp dalaşgäre ses berip bilmejek raýatlar üçin göz öňünde tutulandyr. Sagat 8-den 18-e çenli ses bermek bolar.

2017 Выборы Президента Туркменистана

Jemgyýet

Daşoguzda aýratyn durmuş derejeli täze gurluşygyň düýbi tutuldy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Baýramçylyk ruhunda geçen dabaraly çärä Mejlisiň Başlygy we deputatlary, welaýat we şäher häkimlikleriniň, zähmet toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlar ýaňlandy, türgenler öz ussatlyklaryny görkezdiler.

2017 Выборы Президента Туркменистана

¬Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär S.Jelilow bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy

Dalaşgäriň ynanylan wekili ýygnananlary S.Jelilow bilen tanyşdyryp, onuň zähmet ýolunyň esasy döwürleri barada gürrüň berdi. Şunda ol dalaşgäriň uly önümçilik tejribesine, ýokary ussatlyga we jogapkärçilige eýe bolup, halkyň hem-de Watanyň bähbidine hyzmat etmäge çalyşýandygyny, milli däp-dessurlarymyza ygrarlydygyny aýtdy.