Habarlar 20 fewral 2017

Hyzmatdaşlyk

Ynsanperwerlik — Türkmenistanyň migrasiýa babatda ýöredýän syýasatynyň esasy şerti

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Migrasiýa bu gün dünýäniň düýpli meseleleriniň biri bolup durýar. Türkmenistan bu ugurda kanunçylyk taýdan düzgünleşdirmegiň oňyn tejribesine hem-de migrantlara durmuş goraglylygyny we birmeňzeş mümkinçilikleri bermekde tutanýerli erk-islege eýe bolup durýar. Ol adam hukuklarynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine, şeýle hem türkmen halkyna mahsus bolan belent ynsanperwer däplere esaslanandyr hem-de döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň migrasiýa strategiýasynda mynasyp beýanyny tapýar.

Jemgyýet

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Mälim bolşy ýaly, ýakynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna hem-de harby gullukçylaryna kitabyň nusgasyny dabaraly ýagdaýda gowşuryp, bu kitaby köp sanda neşir etmegi we harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň ähli şahsy düzümine ýetirmegi tabşyrdy.

Sport

Türkmen kikboksçylarynyň gazanan 11 medaly

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Milli Sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary — Çarygylyç Tagangylyjow (60 kilograma çenli agram derejesi), Muhammet Altybaýew (63,5 kilograma çenli), Şöhrat Hallyýew (67 kilograma çenli) we Şöhrat Ýagmyrow (75 kilograma çenli) altyn medallaryň dördüsine mynasyp boldular. Döwlet edaralarynyň işgärleri bolan Goçmyrat Jumanyýazow (71 kilograma çenli) we Azamat Jumakulyýew (81 kilograma çenli) Türkmenistanyň sportda gazananlarynyň üstüne altyn medallaryň ikisini goşdular. Birinji ornuň ýene-de birini bolsa Türkmenbaşy şäheriniň (Balkan welaýaty) sport mekdebiniň tälimçisi Azat Annaýew (91 kilograma çenli) eýeledi.