Habarlar 21 fewral 2017

Aziada 2017

Wladimir Gudilin: türkmen ýeňil atletikasynyň geljegi uly

Ýewgeniý IWANNIKOW,
surata düşüren Ýuriý ŞKURIN

-Men Türkmenistanda işlemäge çakylyga höwes bilen seslendim,-diýip W.Gudilin gürrüň berýär.- Giň möçberli özgertmeler we Aziada 2017-ä düýpli taýýarlyk işleri meni haýran etdi. Iň esasy-da, türkmen türgenleri ýokary netijelere ymtylýarlar we ussatlygyň belentliklerine ýetmek üçin erjel türgenleşýärler. Tälimçi hökmünde olaryň mümkinçiligini açmagy we olarda özüne ynam döretmegi baş wezipäm hasaplaýaryn. Türgeniň zehini, tälimçilik sungaty, olaryň doly derejeli taýýarlygy we dynç almaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi--üstünlik gazanmagyň şertleridir.

Hyzmatdaşlyk

Türkmen-owgan diplomatik gatnaşyklarynyň 25 ýyllygy iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen brifingiň temasy boldy

Inna BUROWA,
surata düşüren Hasan MAGADOW

Brifingiň geçirilen ýeri bolan DIM-iň kiçi maslahatlar zalynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhyndaky uly xhmiýetli wakalary beýan edýän fotouratlar sergisi açyldy. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny ilkinjileriň biri bolup ykrar eden Owganystan bilen döwletara gepleşikleri hoşmeýilli goqşuçylyk we oňyn hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilýär.

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistan — Türkiýe: söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýoly bilen

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi,
fotosuraty Yuriy SKURININKI

Sergä gatnaşmak üçin ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmegine gyzyklanma bildirýän Türkiýäniň döwlet düzümleriniň 160-dan gowrak wekilinden, 60 kompaniýanyň hem-de şereketleriň ýolbaşçylaryndan we hünärmenlerinden ybarat wekilçilikli topar Aşgabada geldi. Olaryň aglaba bölegi Türkmenistanda ilkinji gezek öz mümkinçiliklerini we öňdebaryjy tehnologiýalaryny hödürleýän haryt öndüriji kompaniýalardyr. Bularyň köpüsi Türkmenistanyň köpugurly ykdysady mümkinçiliklerini bilýärler hem-de hyzmatdaşlygyň has uly geljegine bil baglaýarlar.

Sport

Uşu ussatlary Russiýada üç medala eýe boldular

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ýaryşa jemi 16 ýurtdan — Hytaýdan, Ispaniýadan, Germaniýadan, Çehiýadan, Polşadan, Ysraýyldan, Fransiýadan, Türkiýeden we beýlekilerden 200-den gowrak türgen gatnaşýar. Bäsleşikler dünýäde ýeke-täk ýöriteleşdirilen sport toplumy — uşu köşgünde geçirilýär, bu toplumda 800-e golaý ugurlary we görnüşleri öz içine alýan başa-baş söweşleriň hytaý görnüşi boýunça türgenleşikler hem-de ýaryşlar geçirilýär.

Sport

Türkmen hokkeýçileriniň Ýaponiýada gazanan ikinji ýeňşi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Topardan çykmak ugrunda Malaýziýanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň we Indoneziýanyň hokkeýçileriniň hem çalyşýandyklaryny ýatladýarys. Toparda birinji orun finalda çykyş etmäge mümkinçilik berýär, ikinji orunlary eýelän toparlar bürünç medallar ugrunda bäsleşerler. Biziň toparymyz ilkinji duşuşykda Malaýziýanyň ýygyndysyny 9:2 hasabynda utupdy.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň Aşgabat şäherinde geçirilýän sergisiniň açylmagy bilen sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu serginiň iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.