Habarlar 22 fewral 2017

Ykdysadyýet

Türkmenistanda döredilýän elektron senagatynyň kärhanalary yzygiderli önümçilige çykýar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Hususan-da, döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň çäklerinde döredilen “Senagat tehnologiýalary” paýdarlar jemgyýeti elektron maglumat kiosklarynyň prototipini işläp taýýarlady we çykardy. Senagat ministrliginiň “Türkmenmaşyngurluşyk” konserni tarapyndan “Sowatly gurluşyk” hojalyk birleşigi bilen bilelikde guralan “Elektron ylhamy” hojalyk jemgyýeti tarapyndan elektrik energiýany paýlaýjy enjamlaryň önümçiligi ýola goýuldy. Bu kärhanada her ýyl paýlaýjy enjamlaryň 250-ä çenlisini öndürmek maksat edinilýär.

Ykdysadyýet

Türkmenistanyň söwda ulgamynyň ösüşi daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutup bilýän önümçilikleri döretmek boýunça wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilişini görkezýär

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ozal hem bolşy ýaly, 2016-njy ýylda söwda pudagy ösüşiň durnukly depginlerini saklap, baş wezipäni ýerine ýetirdi – önümçiligiň ösmegine uly täsir etmek bilen, ilatyň harytlaryň we hyzmatlaryň giň görnüşlerine bolan islegini üpjün etdi. 2016-njy ýylda jemi içerki önümiň düzüminde söwdanyň paýy 10 göterimden gowrak boldy (2015-nji ýylda 8 göterime golaý).

Wakalaryň jümmüşinde

Dünýä metbugatynyň sahypalarynda: Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy doktrinasy — oňyn Bitaraplyk

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ýurdumyzyň we daşary döwletleriň esasy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň şol günler ýaýradan köp sanly habarlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanan resminamanyň halkara syýasatynyň möhüm meseleleri babatda ýurdumyzyň garaýyşlaryny nazara almak bilen, ýakyn ýedi ýyl üçin Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatyny kesgitleýändigi bellenildi.

Ylym

Ýokary okuw mekdeplerinde we ylmy-barlag institutlarynda Ýaş alymlar geňeşleri döredildi

Wiktoriýa NOWIKOWA

Ýaş alymlar geňeşleriniň işi kafedralaryň, laboratoriýalaryň we beýleki şuňa meňzeş gurluşlaryň ýanynda ýörüteleşdirilen ylmy gurnaklary döretmäge gönükdirilendir. Olaryň ylmy işini Türkmenistanyň Türkmenistanyň Ýaş alymlar merkezi utgaşdyrar. Merkeziň ýanynda hereket edýän geňeş gelýän teklipleri öwrener, barlaglaryň has wajyplaryny saýlar we hasaba alar. Olaryň monitiringini TÝAM-niň ýanyndaky ynsanperwer, fizika-matematika we tehniki; himiýa we geologiýa; lukmançylyk, biologiýa we oba hojalyk ylymlary bölümleri amala aşyrar.

Ylym

Daşoguz welaýatynda ýokary synp mekdep okuwçylary, talyplar we mugallymlar meýletinler işine taýýarlanýarlar

Ysmaýyl IBRAGIMOW

Dil taýýarlygynda geljekki meýletinleriň aglabasy iňlis dilini saýlady. Daşoguzyň ýörüteleşdirilen mekdeplerinde şeýle hem arap, nemes, fransuz, hytaý we ýapon dilleri öwredilýär. Sapaklarda okuwyň interaktiw usuly işjeň ulanyýar.