Habarlar 24 fewral 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Hökümetiniň maslahaty

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Milli Liderimiz maslahatyň gün tertibini yglan edip, «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düzümini tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekdi, Ministrler Kabinetiniň düzümi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň on orunbasaryndan, 21 ministrden we 27 sany konserniň hem-de komitetiň başlyklaryndan ybaratdyr.

Resmi habar

Moskwada Hökümetara türkmen-russiýa toparynyň onunjy mejlisinde birnäçe resminamalara gol çekildi

Duşuşykda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy seljerildi, olaryň geljekki ösüş ugurlary anyklaşdyryldy hem-de özara hereket etmegiň geljegi uly täze ugurlary kesgitlenildi. Mejlisiň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara, şol sanda degişli Teswirnama hem-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda 2017-2019-njy ýyllarda ykdysady taýdan hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekildi, bu maksatnamany ýerine ýetirmegiň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Resmi habar

Halkara zenanlar güni mynasybetli «Ene mähri» atlary dakyldy we pul sylaglary gowşurylar

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan we tabşyrmagy boýunça hormatly ada mynasyp bolan zenanlara “Ene mähri” nyşanyny 7-nji martda jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Mejlisiň başlygy A. Nurberdiýewa dabaraly ýagdaýda gowşurar. Milli Liderimiz şeýle hem aýratyn mätäçlik çekýän köp çagaly maşgalalara şol gün täze jaýlaryň açaryny gowşurmagy tabşyrdy.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Permanlara we Kararlara gol çekdi

Sapardurdy Toýlyýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemeli.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara we Buýruga gol çekdi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Taganowiç Atdaýew Ahal welaýaty;

Hyzmatdaşlyk

Ulag ulgamynda türkmen-özbek işewür gatnaşyklaryny berkidip

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Oňa dürli kysymly awtomobilleri öndürýän zawodlaryň birnäçesiniň resmi wekilleri gatnaşdylar. Olaryň hatarynda ýeňil awtomobilleri çykarýan “Jeneral Motors Uzbekistan” («GM Uzbekistan») paýdarlar jemgyýeti, “ISUZU” kysymly awtobuslary hem-de orta ýük göterijiligi bolan ýük ulaglary öndürmäge ýöriteleşen “SamAwto” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet, “MAN” kysymly ýük ulaglaryny, ýörite tehnikalary we tirkegleri öndürmek boýunça bilelikdäki özbek-nemes kärhanasy we beýlekiler bar.

Sport

Türkmen hokkeýçileri Ýaponiýada gyşky Aziadanyň finalyna çykdylar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Öňki iki oýunda Baýram Allaýarowyň şägirtleri malaýziýaly türgenlerden (9:2) hem-de Hytaýyň Makaosyndan bolan hokkeýçilerden üstün çykdylar (16:0), düýn bolsa ýoldaşlyk duşuşygynda Eýran Yslam Respublikasynyň türgenlerini ýeňmegi başardylar (13:2). Şeýlelikde, türkmenistanlylar mümkin bolan 9 utukdan 9 utuk topladylar. 26-njy fewralda geçiriljek ikinji diwizionyň aýgytlaýjy oýnunda olar “A” toparynda birinji orny eýelän Gyrgyzystanyň ýygyndysy bilen duşuşarlar.