Habarlar 26 fewral 2017

Medeniýet

Ýurdumyzyň medeniýet, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynyň düzümleriniň öňünde durýan wezipeler boýunça iş maslahaty geçirildi

Maslahatyň barşynda milli Liderimiziň bu ulgamlaryň öňünde goýan wezipeleriniň möhümdigi nygtalyp, halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda, ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli ýerine ýetirilişini giňden beýan etmekde möhüm orun eýeleýän medeniýet işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň işleriniň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagynyň wajypdygy bellenildi.

Resmi habar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wezipä bellemek hakyndaky Permanlara gol çekdi

Hudaýberdiýew Akmyrat Rozydurdyýewiç - Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy wezipesine;

Sport

Türkmen türgenleri bouling boýunça «Almaty Kap—2017» halkara ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldular

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ýaryşyň öňüsyrasynda türkmen türgenleri bu sport desgasynda okuw-türgenleşik işlerini geçirip, halkara ýaryşlarynda zerur bolan tejribe topladylar. Hünärmenleriň pikirine görä, hut şunuň özi hem ildeşlerimiziň halkara ýaryşynda özleriniň ilkinji üstünliklerini gazanmaklaryna itergi berdi. Boulingiň hem Aşgabatda geçiriljek Aziada—2017-niň maksatnamasyna girýändigini ýatladýarys. Şonuň üçin hem şeýle ýaryşlaryň her birisi yzygiderli türgenleşikleriň netijesinde gazanylýan ussatlyk derejesiniň özboluşly synagy bolup durýar.

Sport

Türkmen hokkeýçileriniň Ýaponiýada gazanan üstünlikleri

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Duşuşygyň birinji döwrüni 2:2 hasabynda deňlikde tamamlap, ildeşlerimiz duşuşygyň depginini üzül-kesil güýçlendirdiler. Netijede, türkmen hokkeýçileri “kiçi” altyn medallara mynasyp boldular. Duşuşykda garşydaşlarynyň derwezesine netijeli hüjüm geçiren Maksat Ataýew, Pawel Barkowskiý, Ahmet Gurbanow, Döwlet Söýünow, Eziz Akmuhammedow, Meýlis Kulyýew we Dmitriý Sawin tapawutlandylar.

Sport

Taekwondoçylarymyzyň BAE-de gazanan medallary

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ýaryşa 15 ýurtdan 500-e golaý türgen gatnaşdy. Ýygyndy toparymyzyň düzüminde 59 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Mekan Gurbanow kümüş medaly eýelemegi başardy. Batyr Çaryýew bilen Jelaletdin Batyrow (ikisem 68 kilograma çenli agram derejesinde) hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagy başardylar.

Jemgyýet

Minskidäki Türkmen-Belorus söwda öýi alyjylaryň arasynda meşhurlyga eýe boldy

Swetlana DAWIDOWIÇ

Muňa söwdanyň artmagy-da şaýatlyk edýär, ol 2016-njy ýylda 2015-nji ýyldakydan 5% ýokarlandy. Bu ýerdeTürkmenistanyň dokma senagat kärhanalarynyň Belarusa iberýän trikotaž, ýumşak we owadan ýorgan-düşeklerine uly isleg bildirilýär. Minskidäki dükanyň tekjelerinde