Habarlar 27 fewral 2017

Ykdysadyýet

Ýolbaşçy işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak özgertmeleriň netijeliligini üpjün eder

Hususan-da, demir ýol pudagynyň mundan beýläkki ösüşi bilen baglanyşykly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen bagly ähli işleriň utgaşykly, ýokary hilli hem-de wagtynda berjaý edilmeginiň möhümdigi nygtaldy. Şunda, ulag düzüminde ýükleri daşamakda we ýolagçy gatnatmak hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde öňdäki orunlary eýeleýän demir ýol pudagyna möhüm ornuň degişlidigi bellenildi.

Ykdysadyýet

Söwda toplumynyň edaralarynyň we telekeçilik düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi

Maslahata gatnaşanlar döwlet Baştutanymyzyň jogapkärli tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin ilkinji nobatda amala aşyrylmaly işleri kesgitlediler. Ilkinji nobatda, milli Liderimiz tarapyndan aýdylan anyk görkezmeler boýunça çäreleriň düýpli oýlanyşykly meýilnamalaryny düzmek üçin seljerme işlerini geçirmegiň wajyplygy nygtaldy.

Ykdysadyýet

Maliýe-ykdysady düzümleriň ýolbaşçylary gulluklaryň işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Bu ulgamyň işgärleri Türkmenistanyň Prezidentiniň Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýleki daşary ýurt banklary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmäge uly üns bermegiň zerurdygy baradaky görkezmelerinden ugur alyp, dünýäniň abraýly maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlykda üsti bilen öňdebaryjy tejribäni giňden ornaşdyrmak boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini bellediler.

Ykdysadyýet

Obasenagat toplumyny ösdürmekde esasy ylmy-tehnologiýa binýady hökmünde ylmy-barlag institutlarynyň orny ýokarlandyrylar

Oba hojalyk önümleriniň möçberlerini artdyrmak esasy meseleleriň biridir. Bu topraga ideg edilişini ýokarlandyrmagyň, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde, ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny önümçilige giňden ornaşdyrmagyň, tohumçylyk işleriniň netijeli guralmagynyň, suwdan rejeli peýdalanmagyň hasabyna gazanylmalydyr. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, häzirki wagtda ylmy-barlag oba hojalyk institutlary ýeterlik derejede işlemeýär.

Sport

Awtoýaryş boýunça dünýäniň Kubogy ugrundaky ýaryşda gazanylan bürünç medal

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ýaryşa Fransiýadan, Finlýandiýadan, Tunisden, Katardan, Saud Arabystanyndan, Polşadan, Slowakiýadan, Çehiýadan we beýlekilerden 12 topar gatnaşdy. “Russiýa—Demirgazyk tokaýy 2017” ady bilen geçirilen bu ýaryşlar dünýäde ýeke-täk “garly” ýaryşlar bolup durýar. Onuň nusgawy ralli-reýdlerden esasy tapawudy aýlaw ýolundan ybaratlygydyr. Bu bolsa toparlaryň tehniki hyzmatynyň ýoluň bölekleriniň arasyndaky gatnawyny azaltmaga mümkinçilik berýär.

Sport

Sport tanslary boýunça türgenlerimiz ikinji orny eýeledi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Baýraklar ugrunda “Latynamerikan tanslary” görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Bu görnüşe samba, rumba, pasodobl, ça-ça-ça we jaýw tanslary degişlidir. Belarus türgenlerinden başga-da, Ukraniadan we Russiýadan bolan 100-e golaý ussat tansçy türgenler türkmenistanlylar bilen bäsleşdiler.

Sport

Küşt boýunça halkara ýaryşda gazanylan kümüş medal

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ýaryş şweýsar usuly boýunça ýedi tapgyrda geçirildi. J.Öwezdurdyýewa mümkin bolan ýedi utukdan alty utuk toplamagy başardy. Bu bolsa oňa hormat münberinde ikinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi. Zenanlar toparynda ýaryşa 48 küştçiniň gatnaşandygy bellärliklidir.

Sport

Türkmen karateçileriniň üstünligi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Biziň toparymyzyň düzüminde Jelal Satlykgulyýew hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykmagy başardy. Oňa 75 kilograma çenli agram derejesinde şahsy bäsleşiklerde taý gelen bolmady.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti ministrleri we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä belledi

Bazarow Batyr Aganazarowiç ykdysadyýet we ösüş ministri wezipesine bellenildi;

Resmi habar

Halkara düzümlerinde Türkmenistanyň wekilleri bellenildi

Hususan-da, maliýe ministri Muhammetguly Atamuhammedowiç Muhammedow Türkmenistanyň Hökümetinden Ýewropa Bileleşiginiň halkara tehniki kömek baradaky milli utgaşdyryjysy we Bütindünýä bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerine bellenildi.

Wakalaryň jümmüşinde

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti wi­deo­şe­kil­li iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew göni aragatnaşyga çagyryldy. Häkim häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çäreler, oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak, owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol içerki bazarlary ter gök önümler we azyk harytlary bilen üpjün etmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler, kärendeçileriň yhlasly zähmetleriniň netijeleri hem-de bu ugurda öňde goýlan wezipeleri berjaý etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada habar berdi.