Habarlar 28 fewral 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitine gatnaşar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Hökümetiň 24-nji fewralda geçirilen maslahatynda döwlet Baştutanymyz abraýly sebit we halkara guramalary, şol sanda YHG bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň golaýda tassyklanan “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017—2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýratyn nygtady. Mälim bolşy ýaly, geljek ýedi ýyl üçin kabul edilen daşary syýasy ösüş strategiýasy ýurdumyzyň içerki ösüşi üçin oňaýly halkara şertlerini döretmäge, dünýä giňişliginde onuň kanuny bähbitlerini üpjün etmäge ýardam etmelidir hem-de ygtybarly we durnukly hyzmatdaş hökmünde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga hyzmat etmelidir.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Iki ýurduň Liderleri dostlarça salamlaşyp, ilkibaşdan deňhukuklylyk, netijelilik esasynda hem-de strategiki hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýan türkmen-rus gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak babatda dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Pursatdan peýdalanyp, Täjigistanyň Baştutany türkmen Liderini golaýda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi we döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmegi bilen gutlady hem-de milli Liderimize berk jan saglyk we ýokary döwlet wezipesindäki köpugurly işinde täze üstünlikler arzuw etdi.

Wakalaryň jümmüşinde

Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň XIII ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­si­ne we türk­men-eý­ran işe­wür­ler mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ra

Sizi Eýran Yslam Respublikasynyň XIII ýöriteleşdirilen sergisiniň öz işine başlamagy bilen mähirli gutlaýaryn. Senagat, magdanlar we söwda pudaklarynda gazanylan üstünlikleri aýdyň şöhlelendirýän bu serginiň hem-de onuň çäklerinde türkmen-eýran işewürler maslahatynyň geçirilmegi iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýär.

Sport

Oýunlaryň başlanmagyna 200 gün galanda Aziada—2017-NIŇ nyşany Duşakerikdag gerşine galdyryldy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Sport-watançylyk çäresi Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylyna bagyşlandy hem-de Aşgabatda geçiriljek giň möçberli ýaryşlary wagyz etmäge gönükdirilendir. Bu ýaryşlara Aziýanyň we Okeaniýanyň iň gowy türgenleri gatnaşar.

Jemgyýet

Türkmenistanyň ýolagçy howa ulaglarynyň üsti täze «Boing» bilen ýetirildi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gonan “Boeing 737—800” täze uçar ýokary tygşytlylygy, oňaýlylygy bilen häsiýetlenýär hem-de bir uçuşda 160 adama çenli ýolagçy gatnatmaga ukyplydyr. Uçaryň ugur görkeziji we elektron enjamlarynda iň öňdebaryjy tehnologiýalar we işläp taýýarlamalar ulanylypdyr.

Hyzmatdaşlyk

Aşgabatda däp bolan ýöriteleşdirilen sergi açyldy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi,
surata düşüren Süleýman ÇARYÝEW

Aşgabatda her ýyl geçirilýän sergi iki ýurduň özara ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, dostlukly aragatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini görkezýär.

Ykdysadyýet

Ýurdumyzyň senagat toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Iş maslahatynyň barşynda senagat, himiýa, dokma we haly pudaklarynda hem-de balyk hojalygynda işleriň ýagdaýyna umumy seljerme berildi, olary döwrebaplaşdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren görkezmelerini we tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, guramaçylyk işleriniň esasy ugurlary kesgitlenildi.