Habarlar 3 fewral 2017

Jemgyýet

Balkan welaýatynda durmuş özgertmeleri strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär

Toýjan BORJAKOW

Alysdaky bu obada eýýäm söwda merkezi we bazar açyldy, bu bolsa ýerli ilatyň harytlar we hyzmatlar bilen üpjüniligini has-da artdyrmaga mümkinçilik berdi. Indi döwrebap, iň täze enjamlar bilen üpjün edilen lukmançylyk edarasy-da olaryň hyzmatynda.

Sport

Oýlanşykly taktika, ünsüňi bir ýere jemlemek we ýeňşe hyjuw—şaşka ussatlary Durdyýewlere üstünlik getirýär

Toýjan BORJAKOW

Içi şaşkaly arzyly gutujyk maşgalada apalanyp saklanyýar, ol atadan ogla geçýär. Olaryň çagalary-da Hojadurdy we Gülnabat Durdyýewleriň ýoluny dowam etdiler.

2017 Выборы Президента Туркменистана

Teswirlemeler

2017-nji ýylyň ýanwary: döwlet Baştutanymyzyň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Bu wakalaryň ählisi döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan işleriniň gerimini hem-de ähmiýetini açyp görkezýär. Şol işler bolsa ýurdumyzyň ykdysady, serişdeler kuwwatyny hem-de zähmetsöýer halkymyzyň mümkinçiliklerini has doly açyp görkezmäge we olardan netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir.

2017 Выборы Президента Туркменистана

Mary şäherinde Süleýmannepes Nurnepesowyň saýlawçylar bilen duşuşygy geçirildi

Duşuşyga gatnaşyjylar – ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, zähmet toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri teklipçi topar tarapyndan hödürlenen S.Nurnepesowyň terjimehaly bilen tanyşdyryldy. Dalaşgäriň ynanylan adamy ony abraýly, iş başarjaň, ýurdumyzyň we halkymyzyň bähbitlerine wepaly ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.

2017 Выборы Президента Туркменистана

Durdygylyç Orazow Lebap welaýatynyň saýlawçylarynyň sowallaryna jogap berdi

Duşuşyk Türkmenabatda, Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet drama teatrynda welaýatyň häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, zähmet toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, il sylagly ýaşulularyň we ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirildi.