Habarlar 4 fewral 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Gün tertibine laýyklykda, parlamentarileriň garamagyna “Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy girizildi. Resminama ara alnyp maslahatlaşylanda, onuň howply önümçilik desgalarynyň howpsuz ulanylmagyny üpjün etmegiň hukuk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýändigi bellenildi. Kanun howply önümçilik desgalarynda heläkçilikleriň öňüni almaga we howply önümçilik desgalaryny ulanýan ýuridiki hem-de fiziki şahslaryň heläkçilikleri çäklendirmäge we olaryň netijelerini ýok etmäge taýýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

2017 Выборы Президента Туркменистана

Paýtagtymyzda saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşygy

Raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen dalaşgäriň ynanylan adamy S.Nurnepesowyň durmuş ýolunyň esasy pursatlary barada gürrüň berip, ony öňde goýlan wezipeleri çözmekde hünär ussatlygy hem-de başarnygy bilen işgärleriň arasynda abraýa we hormata mynasyp bolan tejribeli hem-de guramaçy ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.

Ykdysadyýet

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Manat serişdelerine pakistanly işewürler jemi bahasy 94 müň manatdan gowrak saryja goýnunyň ýüňüni satyn aldylar.

Ylym

Ýaş alymlar merkeziniň birinji mejlisinde innowasion bilimiň ugurlary we ylymda dowamatlylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Wiktoriýa NOWIKOWA

Öz ussat kärdeşleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň pudaklaýyn institutlarynyň,dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ylmy gurluşlarynyň hünärmenleriniň habarlary alymlaryň ýaş neslinde ULY gyzyklanma döretdi. Hormatly myhmanlaryň arasynda Halkara nebit we gaz institutynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Tehnologiýalar merkeziniň, Himiýa institutynyň we Türkmenistanyň YA-nyň ýanyndaky Gün energiýasy institutynyň wekilleri bar.

Ykdysadyýet

Utgaşdyrylan bug-gaz turbinaly elektrik bekediniň işe girizilmegi bilen Mary DES-iniň kuwwwatlylygy iki esse artar

Alekseý ÇERNÝAÝEW,
surata düşüren awtor

«General Electric” kompaniýasynyň energiýa bloklarynyň altysy—gaz turbinalarynyň 4-si we bug turbinalarynyň ikisi durmuşa geçirilýän taslamanyň esasydyr. Ýönekeý iş tapgyrynda elektrik bekediniň peýdaly hereketi 34,2 göterim bolsa, utgaşdyrylan iş tapgyrynda 57 göterime golaý bolar. 1 kilowatt elektrik energiýasyny öndürmek üçin zerur tebigy gazyň möçberi azalyp, 380 gram bolanlygyndan 216 grama geler. Bug-gaz elektrik beketleri ekologiýa babatda-da peýdalydyr, çünki işlenilip çükarylýan energiýa birligine howa goýberilýän kömür turşy gazynyň mukdary-da ep-esli azalýar.