Habarlar 6 fewral 2017

Sport

Iň güýçli türgenler, şol sanda daşouguzly pälwanlar Aziada-2017-de ýurdumyza wekilçilik etmek ugrunda bäsleşýärler

Ysmaýyl IBRAGIMOW

Mätgurbanowyň zehinli şägirtleriniň ýene biri sebit ýaryşlarynyň birnäçesiniň ýeňijisi, kikboksing boýunça geçen ýylky milli çempionatda kümüş baýraga mynasyp bolan Batyr Taňryberdiýewdir.

Ykdysadyýet

Marynyň mehaniki-abatlaýyş zawodynyň durkuny täzelemegiň birinji tapgyry tamamlandy

Alekseý ÇERNÝAÝEW

Belarusyň, Russiýanyň, Slowakiýanyň, Türkiýäniň döwrebap ýokary tehnologik enjamlary bilen üpjün edilen we täzeden gurnalan abatlaýyş bölümi işleriň dürli görnüşlerini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer. Mehaniki bölümde Garagum derýasynda ýük daşamakda ulanylýan gämilerdir baržalar üçin dürli wallar taýýarlanylýar.

Jemgyýet

Daşoguzly telekeçiler welaýat merkezinde iri söwda-dynç alyş toplumyny gurýarlar

Ysmaýyl IBRAGIMOW

Bäş gatly Telekeçilik merkezinde Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň hem-de „Rysgal“ Paýdarlar-täjirçilik bankynyň welaýat bölümleri, maslahatlar zaly, edara otaglary, telekeçilik mekdebi ýerleşer. Söwda –dynç alyş merkezinde supermarket, dürli harytlary we sowgatlyklary satmak üçin ýöriteleşdirile dükanlar, oýunlar zolagy, kafelerdir garbanyşhanalar bolar. Dabaralar köşgi nepis binagärlik we döwrebap bezegleri bilen tapawutlanar.

Jemgyýet

«TürkmenÄlem 52.00E» milli aragatnaşyk hemrasy alysdaky obalary ykjam aragatnaşyk we internet bilen üpjün etdi

Wladimir KOMAROW

Hünärmenlerimiziň alysdaky ýerleri hem aragatnaşyk bilen üpjün etmek üçin hemra retranslýatoryny ulanmagy –sebitlerri toplumlaýyn ösdürmek strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ileri tutulýan wezipeleriň biridir.

Hyzmatdaşlyk

Türkmen-özbek gatnaşyklary sebitleriň hyzmatdaşlyk etmegi bilen giňelýär

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar täze ýokary göterilişe eýe bolýar hem-de anyk netijelere gönükdirilen hyzmatdaşlygyň ösüş depgini bilen häsiýetlenýär. Muňa yzygiderli duşuşyklar we ýokary derejedäki gepleşikler aýdyň şaýatlyk edýär. Şol duşuşyklaryň, gepleşikleriň her birinde döwletara gatnaşyklarynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle hem dürli derejedäki wekiliýetleriň alşylmagy özara gatnaşyklaryň ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Bu bolsa ähli ugurlar boýunça netijeli aragatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gönüden-göni ýardam berýär.

Medeniýet

Paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet hepdeligi açyldy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi,
fotosuratlary Yuriy SKURININKI,
H.MAGADOWYNKY

Şeýle çäreler döwletimiziň daşary ýurtlar bilen dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen daşary syýasat ýörelgesi babatda aýratyn ähmiýete eýedir. Ynsanperwer ulgamda däbe öwrülen türkmen-eýran gatnaşyklary munuň aýdyň mysalydyr. Şu gatnaşyklar gadymdan bäri taryhy we medeni umumylygy bilen baglanyşykly bolan iki halkyň hoşniýetli goňşuçylygy, dostluk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga we köptaraply özara gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanmasyny görkezýär.

Teswirlemeler

Hepdäniň wakalary: Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň batly gadamlary

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ahal welaýatynyň Owadandepe obasynyň çäklerinde gurulýan döwrebap kärhana — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygy şol wezipeler bilen gös-göni baglydyr. 30-njy ýanwarda döwlet Baştutanymyz sebit boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda gazhimiýa toplumynda işleriň depginleri, kärhananyň aýratynlyklary bilen içgin tanyşdy. Bu iri innowasion kärhana dünýäde gazy gaýtadan işlemegiň esasynda ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän ilkinji desga bolar.

2017 Выборы Президента Туркменистана

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Durdygylyç Orazow bilen saýlawçylaryň duşuşygy

Kemine adyndaky döwlet drama teatryna sebitiň jemgyýetçiliginiň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, dürli edaralaryň hem-de kärhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri ýygnandylar. Dalaşgäriň ynanylan wekili ýygnananlary ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy hem-de ony işbaşarjaň, pähimli ýolbaşçy, dogruçyl we ak ýürekli adam hökmünde häsiýetlendirdi.