Habarlar 7 fewral 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk – Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyzy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda ýokarda agzalan Rezolýusiýanyň kabul edilmegini aýratyn belläp, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň umumadamzat ähmiýetini ýene bir gezek nygtady. Bu resminamada biziň ýurdumyzyň ýigrimi ýyldan gowrak döwrüň dowamynda bu ugurda toplan tejribesiniň ykbal çözüji ähmiýeti beýan edilýär.

Wakalaryň jümmüşinde

BMG-niň Baş Assambleaýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi

Bu çözgüt Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki ýokary abraýynyň hem-de onuň älumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge goşan uly goşandynyň ählumumy ykrar edilmesi boldy. Resminamada bellenilişi ýaly, bitaraplyk milli syýasaty degişli sebitlerde hem-de ählumumy derejede parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär we parahatçylykly, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boup biler.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, taryhy waka — Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüdi mynasybetli ýurdumyzyň halkyna ýüzlenme bilen çykyş etdi.

2017 Выборы Президента Туркменистана

Dalaşgärler saýlawlara taýýarlyk görmek möwsüminiň çäklerinde ähli welaýatlaryň we paýtagtymyzyň saýlawçylary bilen duşuşyklary geçirdiler

Ýekşenbe güni — 12-nji fewralda ýurdumyzyň saýlaw uçastoklary raýatlara gapylaryny giňden açarlar, saýlawçylaryň öňünde dalaşgärleriň arasyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine has mynasyp adamy saýlamak wezipesi durýar.

2017 Выборы Президента Туркменистана

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Durdygylyç Orazowyň saýlawçylar bilen duşuşygy

Dalaşgäriň ynanylan wekili duşuşyga gatnaşyjylary Agrar partiýa tarapyndan hödürlenilen D.Orazowyň terjimehaly bilen tanyşdyrdy. Ol dalaşgäri başarjaň ýolbaşçy, ukyply guramaçy hem-de ýokary derejeli hünärmen, öňde goýlan wezipeleri netijeli çözmegi başarýan şahsyýet hökmünde häsiýetlendirip, ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň hormata mynasyp şahsy häsiýetlerini nygtady.