Habarlar 9 fewral 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherjiginiň abadanlaşdyrylyşynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ýene-de ýarym ýyldan Aşgabatda geçiriljek Aziadany guramak meseleleri hemişe döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiz öňümizdäki iri ýaryşlara taýýarlyk görmek meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Çünki şeýle derejedäki sport ýaryşlary Türkmenistanda ilkinji gezek geçiriler we oňa Aziýanyň ýurtlaryndan başga-da, Okeaniýa döwletleriniň (Awstraliýa, Täze Zelandiýa, Polineziýanyň we Mikroneziýanyň köp sanly ada döwletleri) wekilleri gatnaşar.

Medeniýet

Ýaşajyk türkmen nakgaşlary halkara çagalar bäsleşiginde baýrakly orun eýelediler

Wiktoriýa NOWIKOWA,
surata düşüren Ýuriý ŞKURIN

Aşgabatly ýaşajyk nakgaşlar „Daşkent şatlygy“ sergisiniň ýörite diplomlaryna we baýraklaryna mynasyp boldular. Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Merjen Berdiýewa kümüş medalyna mynasyp boldy. Paýtagtymyzyň 2-nji Çagalar çeperçilik mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Abraý Allanepesow bürünç medal eýeledi.

Aziada 2017

«Aşgabat-2017» meýletinçiler maksatnamasy badalga aldy

Nagima HODJAÝEWA

Dabarada şunuň ýaly iri möçberli çäreleriň geçirilmeginde meýletinçileriň işiniň ähmiýeti bellenildi, Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitetiň, Sport baradaky döwlet komitetiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bu çäräniň ähmiýeti bellenildi.