Habarlar 15 august 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Milli Liderimiz mejlisi açyp, mälim bolşy ýaly, 17-nji sentýabrdan örän möhüm halkara wakasynyň  Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanýandygyny belledi. Şu döwürde biziň ýurdumyza köp sanly ýokary wezipeli myhmanlaryň, döwlet ýolbaşçylarynyň, halkara guramalarynyň wekilleriniň hem-de beýleki jogapkär adamlaryň gelmegine garaşylýar. Türkmenistan V Aziýa oýunlaryny geçirýän ýurt hökmünde bu Oýunlaryň geçirilýän döwründe ýol howpsuzlygy üpjün etmeli. Şunuň bilen baglylykda, 17-nji awgustdan  27-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň ähli çäklerinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň güýçlendirilen düzgüni yglan edilýär diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly ...

Teswirlemeler

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisi: Türkmenistanyň döredijilikli gün tertibi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Türkmen diplomatiýasynyň tapawutly häsiýetine öwrülen şeýle derejedäki açyklyk, dünýäniň häzirki ösüşiniň derwaýys meselelerini bilelikde çözmäge taýýarlyk halkara bileleşiginde ýokary baha mynasyp bolýar, Milletler Bileleşiginiň jogapkär agzasy hökmünde bitarap döwletimiziň abraýynyň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk edýär.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýniň mähirli salamyny hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna bagt, parahatçylyk hem-de rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.