Habarlar 21 august 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň paýtagtynyň täze ajaýyp ýerleri Ginnesiň rekordlar kitabynda

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Bu hoş habarlar mynasybetli 21-nji awgustda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitetiň edara binasynda Türkmenistanyň hökümetiniň agzalarynyň, käbir ministrlikleriň we edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň, medeniýet işgärleriniň, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda dabaraly maslahat geçirildi.

Wakalaryň jümmüşinde

Wideoşekilli iş maslahaty geçirildi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasyny durmuşa geçirmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini zerur derejede alyp barmagyň, gyşky ýyladyş möwsümine taýýarlyk görmegiň, milli senenamamyzyň şanly seneleri hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli çäreleri guramak baradaky meseleler girizildi.

Resmi habar

Döwlet Baştutanymyz Hindistanda bolup geçen giň gerimli suw joşguny zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.

Ylym

Kaka etrabynyň okuwçylary halkara olimpiadasynda ýeňşe dalaşgärleriň 765-siniň arasynda iň güýçlileriň onlugyna girdiler

Wiktoriýa NOWIKOWA

„Erudit“ YBM-niň guraýan aň-paýhas bäsleşikler marafonynyň meselelerini mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň iň ussat mugallymlary işläp taýýarlaýarlar. 2016-2017-nji okuw ýylynda uzak aralykdan döredijilik we ders bäsleşikleridir olimpiadalarynyň 534-si geçirildi. Oňa Russiýanyň, Gazagystanyň, Belarusyň, Türkmenistanyň, Çernogoriýanyň, Moldowanyň, Täjigistanyň, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Litwanyň, Gyrgyzystanyň, Ukrainanyň we Donesk Halk Respublikasynyň ilatly ýerleriniň 765-sinden 1754 okuwçy gatnaşdy.