Habarlar 23 august 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ermenistan Respublikasyna resmi sapary başlandy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Iki sagatdan soň hormatly Prezidentimiziň howa ulagy Ýerewanyň Halkara howa menzilinde gondy. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna ajaýyp waka mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen ermeni paýtagtynyň howa menzilinde haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Milli Liderimize gül desseleri gowşuryldy.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Mongoliýanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, mongol Liderini Mongoliýanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanmagy hem-de wezipä girişmegi mynasybetli ýene-de bir gezek mähirli we tüýs ýürekden gutlady hem-de ýokary döwlet wezipesinde berk jan saglyk, dostlukly halkyň ösüşiniň we rowaçlygynyň bähbidine bellenilen ähli maksatlary gazanmagy arzuw etdi.

Ykdysadýet

Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Döwlet Baştutanymyzyň 18-nji awgustda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagy hem sazlaşykly ösýär. Ýurdumyzda daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagy üçin ähli zerur şertler döredildi. Azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Kärendeçi daýhanlar ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, döwrebap tehnikalar, suw we beýleki zerur serişdeler bilen doly üpjün edilýär.