Habarlar 29 august 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde 8 aýda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işleriniň netijeleri jemlenildi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundun beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler hem girizildi.

Medeniýet

Durdy Baýramow: nakgaş barada ýatlamalardan

Gurbannazar ORAZGULYÝEW

-Söz- adam köňlüniň aýnasy. Muny durmuş tejribämden gowy bilýän. Kimdir biriniň portretini çekjek bolýan diýeli, ýöne onuň gözlerinde ünji görýän. Gürleşip ugraýan-da, onuň ne aladasynyň barlygyny biljek bolup, oňa ýüregini dökmäge maý berýän... Ýüki ýeňlän kişiniň ýüzi-gözi ýylgyryp ugraýar welinem surata başlaýan, onsoň onuň suraty-keşbi öz-özünden döräp gidip otyr...

Ykdysadýet

Pagta ýygymynyň başlanmagyna toplumlaýyn taýýarlyk tamamlandy

Ýelena DOLGOWA

Döwlet tabşyrygy boýunça şu ýyl 1 milion 50 müň tonna „ak altyn“ taýaýrlanmaly. Pagta ýygymynyň öňüsyrasynda gowaça ekýän hojalyklarda oba hojalyk işlerini kämilleşdirmek we geljekki çäräniň wajyp meselelerini çözmek boýunça okuwlar geçirildi. Pagta kabul ediji kärhanalardyr taýýarlaýyş punktlary, şeýle hem hyzmat edýän tehnikalar şu ýylky pagta ýygymy möwsümine taýýar edildi.

Jemgyýet

„Jeýhun“ tankeriniň kapitanynyň uly kömekçisi Serdar Nyýazmämmedow--deňizçiler nesliniň wekilidir

Mihail BOBKIN

Ol suw ulaglarynda ençeme ýyllap zähmet çekdi. Mekdebi tamamlandan soň Serdar Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunda „Laçyn“ tirkeg gämisine deňizçi-motorist bolup işe girdi. Ýetginjegiň bu käri saýlamagyny deňiz portundaky gämi abatlaýyş zawodynda TGB-niň ussasy bolup işleýän kakasy Myratnyýaz Nyýazmämmedowam goldady. Harby gullukdan gaýdyp gelenden soňam Serdar öňki „Laçyn“ tirkeg gämisinde işläp başlady. Doly ýükli suwa batyş agramy 36 tonnalyk kiçeňräk gämide işlän döwri onuň üçin käre ussatlyk wagty boldy. Bir çalşykda iki adam ekipažly gämi kiçeňräk bolsa-da, jogapkärli işleri ýerine ýetirýärdi.Ol porta gelýän gämileri duralgalara getirýärdi, ýüzýän kranlary,koprlary, läbik çykaryjylary, ýük ...

Jemgyýet

“... Beýik dagyň etegindäki uly saýaly baglar“

Annajemal ORAKOWA,
Paşaguly GARAÝEW, TYA-nyň Taryh instituty

Eýýäm, 1889-ny ýylda Gyzylarbat şäherine (Serdar ş.) aýlantanyň (porsy agajyň) 4000 düýbi we ak akasiýanyň 500 düýbi iberlipdir. Russiýanyň Bagbançylyk jemgyýetiniň agzasy A.A. Çernoglazowyň hasabatynda Aşgabatda şäher bagyny döretmek meselesi barada: “Bagda bezeg ösümliklerinden başga ekiljek daragtlar, elbetde, howa şertlerine uýgunlaşdyrmak babatda ylmy gyzyklanma döredip biler. Bagda nahalhana zerur, onda miweli gyrymsy agaçlaryň (malina, kryžownik, ýertudanasy we beýlekiler) birnäçe görnüşiniň bolmagy gerek; soňra dürli sortly miweli daragtlaryň, meselem, hoz, injir we beýleki daragtlaryň, üzümiň 40-50 görnüşleriniň bolmagy maksadalaýykdyr. Mundan başga-da, ýerli howa şertlerine uýgunlaşmaga ukyply bezeg ...