Habarlar 1 september 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Aşgabadyň täze lukmançylyk merkezi sebitde iň gowy diýlip ykrar edildi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Döwlet Baştutanymyz myhmanlary mähirli mübärekläp, şu gün Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giňden bellenilýändigini, şu mynasybetli asylly däbe görä, täze desgalaryň açylyş dabaralarynyň guralýandygyny aýtdy.

Wakalaryň jümmüşinde

Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi iň täze enjamlaryň toplumy bilen enjamlaşdyryldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Bu ýerde guralan dabara gatnaşyjylaryň hemmesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Aýdym we tans toparlarynyň, Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň çeper höwesjeňleriniň belent ruha beslenen çykyşlary bu ýerde guralan dabara özbolşuşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Wakalaryň jümmüşinde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahmet Çalygy kabul etdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Ahmet Çalyk şu merkeziň hem-de beýleki täze desgalaryň – Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň binalarynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde açylmagynyň çuňňur manysynyň bardygyny belläp, bu şanly wakalaryň döwlet Baştutanymyzyň durmuş ugurly syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny nygtady.

Ylym

Türkmenistanyň birinji synp okuwçylaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan netbuklar sowgat berildi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Şu maksatdan ugur alnyp, Aşgabatda, welaýat merkezlerinde, etraplarda we obalarda dünýä ölçeglerine kybap gelýän täze orta okuw mekdepleriniň, mekdep ýaşyna çenli çagalar edaralarynyň hem-de sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň onlarçasy gurulýar we ulanmaga berilýär. Olar döwrebap enjamlar hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilýär.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkiýäniň Prezidenti türkmen Liderini gurban baýramy bilen gutlady

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we doganlyk türkmen halkyny mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize hem-de türkmenistanlylaryň ählisine bagt, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmen Lideri uniwersitet şäherjiginiň binalar toplumynyň gurluşygy üçin “Buigiň” ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Myhman ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de milli Liderimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan iri möçberli taslamalary, şol sanda ylym-bilim ulgamyndaky taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň uly hormatdygyny belledi. Ýurtda amatly maýa goýum ýagdaýynyň we netijeli hyzmatdaşlyk üçin oňaýly şertleriň döredilmegi netijesinde dünýäniň işewür toparlary Türkmenistana uly gyzyklanma bildirýärler. Häzirki wagtda esasy kompaniýalaryň köpüsi geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga we giňeltmäge meýillidigini beýan edýärler.

Wakalaryň jümmüşinde

Aşgabatda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda täze ýokary okuw mekdebi açyldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Bu ýere ýurdumyzyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, elleri baýdakly talyp ýaşlar we köpsanly myhmanlar ýygnandylar.

Hyzmatdaşlyk

Akmaljon Kuçkarow: özbek-türkmen gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykdy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

-Bu gün özbek halky öz häzirkizaman taryhynda şanly senäni- Garaşsyzlyk gününi belleýär.Şu ýyllarda Özbegistan durnukly depginde ösýän öz çäklerini, halkyň parahat we asuda durmuşyny goramaga ukyply öz güýjüne hem-de mümkinçiliklerine daýanýan, döwrebap we özygtyýarly döwlet hökmünde kemala geldi.

Hyzmatdaşlyk

Gümrük statistikasyny toplumlaýyn seljermek üçin „Ýewrotreýs“ programmasy ornaşdyryldy

Irina YMAMGULYÝEWA

Täze programma ýurduň daşary ykdysady işiniň hasabatyny ýöretmäge, eksport-import işleri boýunça maglumatlary, olaryň söwda we geografik gurluşyny seljermäge hem-de toparlara bölmäge mümkinçilik berer.

Hyzmatdaşlyk

Halkara gatnaşyklary institutynda Durnukly ösüş maksatnamalary boýunça Ylmy-usulýet merkezi açyldy

Wiktoriýa NOWIKOWA

2017-2018-nji okuw ýylynyň ilkinji güni bolan Merkeziň açylyş dabarasyna Türkmenistanda ýerleşýän halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Ykdysady ösüş ministrliginiň strategiki meýilleşdiriş we ykdysady ösüş Institutynyň wekilleri, Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar.