Habarlar 12 september 2017

Ylym

«Mekdep media» fotostudiýasynyň agzalary V Aziadanyň meýletinleriniň hatarynda

Wiktoriýa NOWIKOWA

Mälim bolşy ýaly, daşary ýurt dilleriniň birini ýa-da birnäçesini, türkmen halkynyň taryhyny we medeniýetini, däp-dessurlaryny gowy bilmek, mylakatlylyk we açyklyk, Aziadanyň maksatnamasyna girizilen sport görnüşleriniň hersiniň özboluşlylygyny bilmek, alçaklyk –meýletinlere bildirilýän esasy talaplaryň biridir.

Wakalaryň jümmüşinde

Döwlet Baştutanymyz we Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Diwanynyň ministri özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, dostlukly ýurduň Baştutany Şeýh Sabah Al Ahmad Al Jaber Al Sabahyň döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny hem-de berk jan saglyk we amala aşyrylýan özgertmelerde täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Myhman öz ýurdunyň Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtap, milli Liderimize özi üçin islendik amatly wagtda Kuweýte resmi sapar bilen gelip görmek baradaky çakylygy gowşurdy.

Jemgyýet

«Bosfor» Ýaşlar merkezi V Aziada bagyşlanan cäre gurnady

Eziz ÖWEZOW

Maslahat bu uly möçberli sport çäresiniň Türkmenistan, Merkezi Aziýa sebiti üçin ähmiýeti barada boldy. Mediatanyşdyrylyş V Aziada uly möçberli taýýarlyk işiniň barşyny görkezdi, Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň özboluşly binalary we Oýunlaryň başlamanzyndan 500 gün öň başlanan atly ýörüş barada giňişleýin maglumat berdi.