Habarlar 13 september 2017

Medeniýet

Tanymal we ýaňy döredijilige başlan nakgaşlar öz eserlerini V Aziada bagyşlaýarlar

Batyr ÖRÄÝEW

Merdan Kakabaýewiň döredijilik tilsimi reňkleriniň sazlaşygy, öwüşginleri nygtaýşy, çotgasynyň okgunly we möçberli işledip, eserleriniň duýgusyny inçelik bilen beýan edişinde tapawutlanýar. Onuň okuwçylarynyň sport mekdepleriniň gündelik durmuşyndan ýaşlyk hyjuwyny görkezýän pursatlary durmuşylygy we gurluş çeperligi bilen saýlanýar.

Wakalaryň jümmüşinde

Aziadanyň baýdaklary we nyşanlary - ýetip gelen sport baýramynyň buşlukçylary

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

“Aşgabat 2017” oýunlarynyň badalga alýan güni, 17-nji sentýabrda Aşgabada ýokary wezipeli hormatly myhmanlaryň, döwlet Baştutanlarynyň, görnükli syýasy işgärleriň, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gelmegine garaşylýar. Şu günler türkmen paýtagtyna dürli ýurtlardan oýunlara gatnaşýan wekiliýetler gelýär.

Aziada 2017

V Aziada oýunlaryna gatnaşyjylar Aşgabada gelýärler

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Aşgabat Aziadanyň ruhy bilen ýaşaýar. Bütin paýtagt bu uly baýramyň öwüşginlerine gurşalypdyr. Ine, tiz wagtdan bu baýram feýerwerkleriň owadan şöhlelerine we çempion adyny almak ugrundaky dartgynly ýaryşlaryň özüne çekiji gözel görnüşlerine beslener.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz wagt tapyp, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýar hem-de döredijilik we ylmy işini dowam edýär. Milli Liderimiz bu ýerde deňsiz-taýsyz bedewleriň saklanyş şertleri bilen gyzyklandy. Atçylyk toplumynda tebigatyň döreden ajaýyp bedewlerine Türkmenistanda söýgi we mähir bilen garalýandygyny görmek bolýar. Şu ýerde arassa ganly bedewleri saklamak, bu babatda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek we olaryň baş sanyny artdyrmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.

Jemgyýet

“Aşgabat 2017” oýunlary - “Türkmenistan Sport” žurnalynyň esasy mowzugy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Bu döwürleýin neşiriň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdymynyň sözleri we sazynyň notasy bilen açylýandygy guwandyryjy ýagdaýdyr. Bu aýdym öňde boljak ägirt uly sport baýramynyň senasy hökmünde saýlanyp alyndy. Bu saz eseriniň ruhlandyryjy sözleri hem-de sazy türkmenistanlylaryň birnäçe ýylyň dowamynda iri möçberli ýaryşlaryň geçirilmegine nähili ýokary derejede we ruhubelentlik bilen taýýarlyk görendiklerini açyp görkezýär. Aziýa oýunlary ýurdumyzyň halkara sport abraýynyň artmagyna, Türkmenistanyň halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşýan goşandyny äşgär etmäge ýardam berer.

Medeniýet

Döwlet muzeýindäki sergide türkmen sportunyň taryhyndan şanly sahypalar görkezilýär

Enejan ALTYÝEWA, Türkmen Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri

Serginiň guramaçylary gadymy aň-paýhas oýny bolan küştüň dörän asyrlaryň jümmüşine garamaga çagyrýarlar. Gadymy Marguşda tapylan toýun küşt mallary bu ýere gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär. Olar miladydan öňki III-II müňýyllyklarda ýasalypdyr. Mundan başga-da, bu ýerde orta asyrlara degişli agaçdan we süňkden ýasalan küşt mallary hem gabat gelýär. Х asyrda Arap halyflygynyň paýtagty Bagdatda ýaşap geçen Dehistandandan türkmen hanlarynyň neberesi Abubekr as-Suliniň heýkeliniň suraty küşt mowzugyny dowam edýär. Ol küştiň janköýer muşdagy bolansoň bu barada ençeme ylmy işleri ýazypdyr. Nakgaş Juma Hudaýgulyýew döwürdeşleriniň ýatlamsyna salgylanyp, as-Suliniň portretini çekipdir, Türkmenistanyň at gazanan ...

Jemgyýet

Ýokary amatlykly kottejler toplumy paýtagtyň şäher gurluşygynda täze sahypa açýar

Wladimir KOMAROW

Ýokary amatlykly täze ýaşaýyş jaý toplumuny gurmak üçin tebigy baýyrlyk ýer bölünip berildi, bu bolsa özboluşly, täze we funksional gurşaw döretmäge mümkinçilik berdi, onda amatlylyk, dizaýnerlik täzelikler we milli ýörelgeler sazlaşykly utgaşýar.