Habarlar 18 september 2017

Aziada 2017

Ýaryşyň üçünji gününde Türkmenistanyň ýygyndy topary 13 sanysy altyn 25 medala eýe boldular

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Türkmen milli göreşi boýunça tutluşyklar garaşylyşy ýaly, şu gün türgenlerimiz üçin ýeňişlere baý boldy. Şonda nusgawy görnüşde baýraklaryň ykbaly kesgitlendi, türgenler agram derejeleriniň ählisinde güýç synanyşdylar. Erkin görnüşde baýraklar ugrunda bäsleşilen 16-njy sentýabrda bolşy ýaly, özlerine ýakyn bolan sportuň görnüşinde ýene-de ýokary ussatlygyny görkezip, türkmen pälwanlary oňat netijeleri gazandylar.

Wakalaryň jümmüşinde

BMG-niň adam hukuklary boýunça geňeşi Hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyçlaryny goldady

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

BMG-niň agzy döwletleriniň 29-sy bu resminamanyň awtordaşlary hökmünde çykyş etdiler, olaryň hatarynda Owganystan, Azerbaýjan, Argentina, Belarus, Braziliýa, Hytaý, Çili, Kolumbiýa, Kosta-Rika, Ekwador, Gonduras, Fransiýa, Gruziýa, Ýaponiýa, Gazagysatan, Gyrgyzystan, Marokko, Panama, Peru, Rumyniýa, Sudan, Günorta Koreýa, Siriýa, Täjigistan, ABŞ, Urugwaý, Özbegistan we beýlekiler bar.

Resmi habar

Mejlisde azerbaýjan mejlisiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Dostlukly ýurduň parlamentiniň spikeri türkmen topragynda azerbaýjan wekiliýetine görkezilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, ähli türkmenisanlylara halkara sport ýaryşlarynyň üstünlikli açylmagy mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, “Aşgabat 2017” oýunlarynyň abadançylyk hem-de ählumumy ösüş ugrunda çykyş edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraýyny artdyrjakdygyna ynam bildirdi.

Resmi habar

Türkmen-ýapon parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça pikir alşyldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, “Aşgabat-2017” oýunlarynyň üstünlikli açylmagy mynasybetli Ýaponiýanyň Imperatory Akihitonyň hem-de Premýer-ministr Sindzo Abeniň mähirli salamyny we gutlaglaryny ýetirdi. Olar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna bagt, abadançylyk hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryny gazanmagyň ýolunda täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdiler.

Teswirlemeler

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Aşgabat Aziadasynyň açylyş dabarasynyň şowhunyna ýokary baha berýärler

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Şu ýerde bu mowzukdaky köpsanly makalalaryň, owadan fotosuratlaryň, wideo reportažlaryň awtorlarynyň, Diýarymyzyň we daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň habarçylarynyň birnäçe ýyllaryň dowamynda bu iri sport ýaryşlaryna taýýarlygyň barşyny jikme-jik beýan edendiklerini, häzirki wagtda bolsa “Aşgabat 2017”-niň oýunlary boýunça ähli täzelikleri üns bilen yzarlaýandyklaryny belläp geçmek gerek.