Habarlar 23 september 2017

Jemgyýet

Öňdebaryjy lukmançylyk edaralary «Aşgabat 2017» oýunlaryna gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň saglygynyň goragynda

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň içinde we onuň ýanynda hereket edýän lukmançylyk merkezleri öňdebaryjy tehnologiýalar, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilip, olarda dürli görnüşdäki lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek boýunça ýeterlik tejribesi bolan lukmanlar işleýärler.

Ylym

Aýratyn zehinli çagalaryň mekdep-internaynyň mugallymlary halkara gözden geçirilişiň netijeleri boýunça güçlileriň hataryna girdi

Wiktoriýa NOWIKOWA

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda türkmen okuwçylarydyr olaryň mugallymlary dürli derser boýunça aň-paýhas gözden geçirişlerine gatnaşýarlar. Olaryň arasynda Aýratyn zehinli çagalaryň döwlet mekdep-internatynyň wekilleri-de bar, bu ýerde ýurduň dürli sebitlerinden zehinli çagalar bilim alýarlar. Bilimi güýçli okuwçylar we olaryň halyplary olimpiadalaryň, hususan-da Russiýanyň „Erudit“ Ylym-bilim merkeziniň guran olimpidalarynda ençeme gezek ýeňiş gazanypdylar, bu edara golaýda geçen okuw ýylynda geçirilen bäsleşikleriň jemini jemledi.

Ykdysadýet

Ýurduň günbatarynda nebit meýdanlarynyň ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmak boýunça taslama işlenip taýýarlanylýar

Bellenilişi ýaly, hereket edýän milli kanunçylyga laýyklykda bu taslamanyň amala aşyrylmagy birnäçe ugurlar boýunça bähbitlidir. Hususan-da, gazanylan girdejiden salgytlaryň tölenilmegi, täze iş orunlarynyň döredilmegi, döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy göz öňünde tutulýar, bu bolsa daşky gurşawy goramak işine oňyn täsir eder. Şonuň bilen birlikde, geljekde milli hünärmenleriň taýýarlanylmagy hem-de toplanan tejribe şeýle işleri ýerli kärhanalaryň güýçleri bilen amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

Medeniýet

«Aşgabat 2017» oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmen taryhy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Stadionynyň meýdançasynda özboluşly täsinlik mysaly orta asyrlar Daýahatyň kerwensaraýy emele gelýär. Dürli öwüşginli gündogar bazary joşgun tapýar. Ähli ýerde türkmen topragynyň önümlerinden doly bolan arabalar görünýär. Bazar aktýorlary bolan akrobatlar, gurjak oýnadýanlar özboluşly çykyşlaryny ýaýbaňlandyrýarlar. Köp sanly hyzmatkärler bilen gurşalan derejeli adamlar, ýönekeý ilat we daşary ýurtlardan gelen söwdagärler görünýär.

Ykdysadýet

Ýurduň günbatarynda nebit meýdanlarynyň ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmak boýunça taslama işlenip taýýarlanylýar

Bellenilişi ýaly, hereket edýän milli kanunçylyga laýyklykda bu taslamanyň amala aşyrylmagy birnäçe ugurlar boýunça bähbitlidir. Hususan-da, gazanylan girdejiden salgytlaryň tölenilmegi, täze iş orunlarynyň döredilmegi, döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy göz öňünde tutulýar, bu bolsa daşky gurşawy goramak işine oňyn täsir eder. Şonuň bilen birlikde, geljekde milli hünärmenleriň taýýarlanylmagy hem-de toplanan tejribe şeýle işleri ýerli kärhanalaryň güýçleri bilen amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistan Bosgunlaryň olimpiýa toparlary hakynda jarnamany durmuşa geçirmek boýunça anyk işleri kesgitledi

Türkmen tarapy du Jarnamany iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen anyk teklipler taýýarlady, olara laýyklykda, Milletler Bileleşiginiň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisiniň garamagyna Jarnamany BMG-niň Baş Assambleýasynyň resmi resminamasy hökmünde resmileşdirmek hakyndaky mesele giriziler. Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň müdiriýeti hem-de Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen bilelikde Bosgunlaryň sebit, kontinental we halkara derejelerinde, hususan-da, Aziýada geçirilýän sport çärelerine gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça degişli işleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Aziada 2017

Sekizinji bäsleşik gününiň jeminde biziň toparymyzda 8 altyn medalyň eýesi boldular

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Guşakly göreşiň jemleýji gününde nusgawy “alyş” görnüşinde tutluşyklar geçirildi. Biziň türgenlerimiz sportuň bu görnüşiniň soňky gününi üstünlikli jemlediler. Olar ýokary netijeleri görkezip, birbada finala türkmen pälwanlarynyň 10-sy çykdy.

Resmi habar

Tatarystanyň Baştutany türkmen ýygyndysynyň Aziýadada üstünlik gazanjakdygyna ynam bildirdi

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabaralary mende uly täsir galdyrdy. Size Tatarystanyň wekiliýetiniň Aziada çärelerine gatnaşmagy ugrunda döredilen mümkinçilikler üçin sag bolsun aýdýaryn. Ýaryşlaryň üstünlikli geçmegini, Türkmenistanyň toparyna bolsa ýeňijileriň hormat münberinde mynasyp orun eýelemegini arzuw edýärin – diýip hatda aýdylýar.