Habarlar 5 september 2017

Aziada 2017

Türkmenistanyň kuraş boýunça ýygyndy topary “Aşgabat 2017” oýunlarynda altyn medaly almagy maksat edinýär

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

— Biz şu ýyl dürli ýurtlarda bolduk, emma hiç ýerde hem bu ýerdäki ýaly amatly ýagdaýlary görmedik — diýip, kuraş boýunça ýygyndy toparymyzyň baş tälimçisi Olimjon Haýitow gürrüň berýär. — Dagyň asuda künjeginde mylaýym gün nurunyň astynda biz iň soňky hem-de iň jogapkärli türgenleşikleri geçirýäris, bu türgenleşiklerde iň güýçli pälwanlar kesgitleniler.

Aziada 2017

“Hoş zaman” kompaniýasy V Aziadanyň hyzmatdaşlaryň toparyna goşuldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

2004-nji ýylda döredilen we goňşy ýurtlardan işewürlik boýunça kärdeşleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýän bu kärhana durnukly ösýär hem-de häzirki wagtda sebitde esasy hojalyklaryň biri bolup durýar. “Hoş zaman” kompaniýasy ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmekde innowasion tehnologiýalary ulanmak bilen, “Aşgabat 2017” oýunlarynyň örän netijeli hyzmatdaşy bolmaga umyt edýär.