Habarlar 7 september 2017

Aziada 2017

Aziada-2017-niň ulag üpjünçiliginiň maksatnamasy durmuşa geçirilýär

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

“Aşgabat 2017” oýunlaryna hyzmat etmek üçin daşary ýurtlaryň iň gowy önüm öndürijileriniň dürli awtoulaglarynyň hatarynda Germaniýanyň “BMW” kompaniýasynyň iň täze kysymly awtoulaglary hem bar.

Wakalaryň jümmüşinde

«Aşgabat 2017» oýunlarynyň alawy ýakyldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Şu mynasybetli paýtagtymyzda hem-de Mary welaýatynda baýramçylyk çäreleri guraldy, olaryň arasynda aragatnaşyga bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda guralan teleköpri üpjün etdi.

Sport

Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysy öz toparynda ikinji orny eýeledi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Duşuşyk Singapuryň “Besar Stadiun” stadionynda geçirilip, çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Hasap oýnuň ikinji ýarymynda açyldy, biziň bäsdeşimiz Şakir Hamzah duşuşygyň 62-nji minutynda tapawutlanmagy başardy.

Jemgyýet

Sebitleriň telekommunikasiýa infrastrukturasy giňeldilýär

Batyr ÖRÄÝEW

Türkmenistanda ähli ýerde telekommunikasiýa ulgamyny ösdürmek we eletroaragatnaşyk ulgamyny iň ýokary dünýä ölçeglerine laýyk gelýän derejä çykarmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu wezipeler milli özgertmeler maksatnamasynda göz öňünde tutulandyr, onuň çäklerinde demirgazyk sebitde 2015-2020-nji ýyllarda stasionar we ykjam aragtanaşyk ulgamyny giňeltmek, telefon liniýalarynyň bir müň kilometrden gowragyny çekmek göz öňünde tutulýar. Şeýle uly möçberli işler diňe bir ýurduň aragatnaşyk we maglumatlar ulgamyndaky uly mümkinçiligni görkezmän, eýsem sebitleriň ykdysady ösüşiniň geljegi we ilatyň artmagy bilen baglanşyklydyr.

Wakalaryň jümmüşinde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: sport jemgyýeti jebisleşdirýän, adamlary beýik üstünliklere ruhlandyrýan güýçdür

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Sport jemgyýeti jebisleşdirýän, adamlary beýik üstünliklere ruhlandyrýan güýçdür diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Biz ýurdumyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmäge uly möçberlerde maýa goýumlaryny gönükdirýäris. Bu ugurda örän düýpli özgertmeleri, il-ýurt bähbitli möhüm işleri üstünlikli amala aşyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Wakalaryň jümmüşinde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziýa oýunlarynyň taryhy ähmiýetini belledi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Irden döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherçesine, “Sport” myhmanhanasyna geldi. Bu ýere Mejlisiň başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, giň sport jemgyýetçiligiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we köpsanly myhmanlar ýygnandylar.