Habarlar 8 september 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarowa söz berdi. Wise-premýer “EKSPO—2017” ýöriteleşdirilen halkara sergisiniň we onuň çäklerinde guralan Türkmenistanyň serginiň işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Şu ýylyň 10-njy iýunynda “Geljegiň energiýasy” diýen şygar astynda işine başlan bu bütindünýä forumy dünýä jemgyýetçiligini biynjalyk edýän möhüm meseleleriň birine bagyşlanyldy. Bütindünýä sergisinde ýurdumyzyň milli bölümi hereket edýär. Onda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hem-de “ýaşyl ykdysadyýet” ýörelgelerini durmuşa geçirmek boýunça pikirler we çözgütler görkezildi.

Teswirlemeler

«Aşgabat 2017» oýunlarynyň başlanmagyna 10 gün galmagy mynasybetli dabaralar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda “Aşgabat 2017” oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän giň möçberli çäreler diňe bir ýerli däl, eýsem, daşary ýurtlaryň abraýly köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giň seslenme döredýär. Myhmanlaryň we türgenleriň müňlerçesini kabul etmek üçin türkmen paýtagtynyň merkezinde ýörite gurlan, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjigi daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Ykdysadýet

Pagtany gaýtadan işleýän kärhanalaryň iş öndürijiligi artýar

Batyr ÖRÄÝEW

Şu möwsümde Akdepe etrabyndaky zawodda hem pagtany gaýtadan işlemegiň hili has gowulanar, bu ýerde geçen ýylyň ahyrynda Ýewropanyň ýokary öndürijilikli enjamlary bilen üpjün edilen täze düzüm guruldy. Ozal şeýle bölüm Görogly etrabyndaky pagta arassalaýjy zawodda-da gurlupdy.

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna gatnaşmaga taýýarlanýar

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, Nýu-Ýorkda Milletler Bileleşiginiň nobatdaky forumynda ýurdumyzyň beýan etjek ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin aýtdy. Öňde boljak çäreleriň barşynda ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň yzygiderli goralmagy Türkmenistanyň alyp barýan işiniň esasy ugry hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, terrorçylyga garşy göreşmekde hyzmatdaşlar bilen tagallalary birleşdirmäge aýratyn üns bermek teklip edilýär. Hususan-da, ýurdumyz Merkezi Aziýada BMG-niň terrorçylyga garşy Ählumumy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça “Merkezi Aziýa—Birleşen Milletler Guramasy ýokary derejeli gepleşigiň” netijeleri boýunça ...

Laws

TÜRK­ME­NIS­TA­NYŇ KA­NU­NY
Türk­me­nis­ta­nyň kä­bir ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­na üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek ha­kyn­da

1. 2004-nji ýy­lyň 25-nji okt­ýab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­len «Sal­gyt­lar ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň bi­te­wi Ka­nu­nyn­da (2005-nji ýy­lyň 25-nji okt­ýab­ryn­da ka­bul edi­len Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň gör­nü­şin­de) (Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň res­mi na­ma­la­ry­nyň ýy­gyn­dy­sy, 2005 ý., HM-80; Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Mag­lu­mat­la­ry, 2005 ý., № 3-4, 37-nji mad­da; 2006 ý., № 3, 12-nji mad­da; 2007 ý., № 1, 20-nji we 24-nji mad­da­lar, № 2, 48-nji mad­da, № 4, 68-nji we 74-nji mad­da­lar; Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň res­mi na­ma­la­ry­nyň ýy­gyn­dy­sy, 2008 ...

Laws

TÜRK­ME­NIS­TA­NYŇ KA­NU­NY
Türk­me­nis­ta­nyň Zäh­met ko­dek­si­ne üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek ha­kyn­da

1. 30-njy mad­da­nyň üçün­ji bö­le­gi­niň 2-nji te­si­mi­ni şu gör­nüş­de be­ýan et­me­li:

Laws

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Hukuk namalary hakynda

I bölüm. UMUMY DÜZGÜNLER

Ylym

Göçegçi çal durnalar Amyderýanyň, Tejeniň jülgelerinde we Köpetdagyň eteginde mekan tutdylar

Aknabat POTAÝEWA, Köpetdag goraghanasynyň ylmy işgäri

Şol ýerlerden şol bir göçüp gidýän we gonalga saýlaýan çal durnalar köpçülikleýin geçip gidýärler. Olaryň ilkinji toparlary bize fewralyň ahyrynda gelip başlaýarlar, apreliň ahyrynda bolsa höwürtgeleýän mekanlaryna uçup gidýärler. Şu ýylky uzaga çeken gyş zerarly olar bu ýerde dynç aldylar, iýmitlendiler, gyşyň gutararyna garaşdylar, süri boldular, gysga aralyga göçdiler, gutarnykly göçmäge howlukmaýardylar. Ahyrsoňy uly toparlara bölünşip, hoş owaz gykuwlaşyp, oranaşan ýerleriniň depesinden pyrlandylar-da, demirgazyk ülkerler saty ýola düşdiler.