Habarlar 13 ýanwar 2018

Wakalaryň jümmüşinde

Agrar partiýanyň III gurultaýynda Merkezi geňeşiniň täze başlygy saýlandy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Gurultaýa ýurdumyzyň ähli künjeklerinden 500-den gowrak wekil gatnaşýao. Şeýle hem oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdelerniň wekilleri, döredijilik işgärleri gatnaşdylar.

Resmi habar

Hormatly Prezidentimiz wezipä bellemek hakynda Karara gol çekdi

Magtymguly Baýramdurdyýew Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministriniň suw hojalygy we gurluşyk işleri boýunça orunbasary wezipesine;

Ykdysadyýet

Birža söwdalarynda daşary ýurtlara goýberilen harytlaryň jemi bahasy 31 million ABŞ-niň dollaryndan gowrak boldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Daşary ýurt walýutasyna jinsi önümleri, nah ýüplük, pagta-süýümi, şeýle hem armatura ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, BAE, Şweýsariýa, Owganystan, Ermenistan, Gyrgyzystan we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 31 million 136 müň dollaryndan gowrak boldy.

Medeniýet

Altyndepe ösen senetçiligiň we ybadathanalaryň merkezidir

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW, Halkara gatnaşyklary instituty

Biziň ýurdumyza asman astyndaky muzeý diýýärler. Welaýatlaryň ählisinde arheologik we arhitektura ýadygärlikleri bar. Käkä etrabynyň Mäne obasyndan 4 km gündogardaky Altyndepe hem eneolit we bürünç eýýamynyň (miladydan öňki V- II müňýyllyklar) şolaryň biridir. Hut şu ýerde gadymy ekarançylyk oturymly ýerleriň ençemesi, Ýylgyndepe we Altyndepe ýaly iri ilatly ýerler döräpdir, olar Namazgadepe bilen birlikde bütewi medeni umumylygy kemala getiripdir. 26 ga ýeri tutýan Altyndepe şäheri daş-töwereginden 17-22 metr ýokarda ýerleşýär. Ägirt uly meýdanda sudury ýiten gum depeleri bileleşip bütewi arhitektura ýadygärlikleri toplumyny kemala getirýär.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary III gurultaýyna gatnaşyjylara

Sizi Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary III gurultaýynyň geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda aýratyn ähmiýetli wakalaryň birine öwrüljek bu gurultaýyň ýokary derejede we örän netijeli geçiriljekdigine berk ynanýaryn!

Hyzmatdaşlyk

Türkmen wekiliýeti Musulman Zenan Parlamentarileriniň 7-nji maslahatyna gatnaşar

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagyň möhümdigini belledi. Şeýle hem parlamentara gatnaşyklarynyň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we beýleki halkara guramalary, şol sanda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Medeniýet

24-26-njy ýanwarda Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler

Çäräniň maksatnamasy Belarus Respublikasynyň sungat ussatlarynyň konsertini, fotosergini, kinolaryň görkezilişini, döredijilik intelligensiýasynyň duşuşyklaryny özünde jemleýär.