Habarlar 15 ýanwar 2018

Wakalaryň jümmüşinde

Wideoşekilli iş maslahatynda sebitleri ösdürmekde boýunça ileri tutulýan meselelere garaldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Milli Liderimiz iş maslahatyny açyp, ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Ol ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak, paýtagtymyzyň etraplarynyň çäklerinde degişli arassaçylyk ýagdaýyny saklamak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, ilatyň durmuş üpjünçiligini ýokarlandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler hakynda habar berildi.

Jemgyýet

Paýtagtymyzdaky ýolagçy awtoulag önümçilik birleşigine täze awtobuslar gelip gowuşdy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň güýzünde Aşgabatda geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görülýän döwürde “Hyundai” (Koreýa Respublikasy), “Yutong” (Hytaý Halk Respublikasy), “Toyota” (Ýaponiýa) ýaly kysymlary dünýä belli häzirki zaman awtobuslaryň ýüzlerçesi satyn alyndy. Ak mermere beslenen paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary, esasan-da sürüjiler bu ýokary hilli we rahat täze maşynlara mynasyp baha berdiler.

Jemgyýet

Gadymy pullar alymlara taryhyň näbelli sahypalaryny täzeden dikeltmäge mümkinçilik berýär

Ruslan MYRADOW

Ýöne siwilizasiýanyň has ösen şol ýerlerinde töleg serişdelriniň başga görnüşleri-de duş gelýär. Goňurdepe galasynyň baş derwezesinde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tokin diýlip atlandyrylýan dürli görnüşli çyzyklar çekilen toýun togalak şarjagazlar tapyldy (3-nji surat). Olary ýüze çykaran arheolog Wiktor Sarianidi olar haýsydry bir azyk ýa-da haryt getirilende şa galasyna girelgesinde goýulýan hasaplaşyk serişdesi diýip çaklaýardy. Togalajyk topjagazlaryň hem pul ýerien ulanylandygyny çak etse bolar.

Resmi habar

Döwlet Baştutanymyz wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Karara gol çekdi

Toýly Alladurdyýewiç Ataýew Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi;

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti prokuratura ulgamynda wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Karara gol çekdi

1-nji derejeli ýurist Allanazar Ataýewiç Nyýazlyýew Daşoguz welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Ahal welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy;

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine nebit tankeriniň heläkçiligi zerarly gynanç bildirdi

Döwlet Baştutanymyzyň gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna guňňur gynanjy hem-de medet beriji sözleri hatda beýan edildi.