Habarlar 16 ýanwar 2018

Resmi habar

Hormatly Prezidentimiz wezipä bellemek hakynda Karara gol çekdi

Mergengeldy Baýramdurdyýewiç Hojaýew “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi;

Ykdysadyýet

«GSI Türkmenistan» ISO 9001:2015 laýyklyk ygtyýarnamasyny aldy

Zeýnep AGAMÄMMÄDOWA

“GSI Türkmenistan” guramasynyň işine gözegçilikden soň oňa halkara ygtyýarnamasyny beren Şweýsariýanyň SGS sertifikasiýa boýunça edarasy Beýik Britaniýanyň Akkreditasiýa gullugyna wekilçilik edýär, ol bu ulgamda öňbaşçylaryň biridir we onuň auditleriniň netijeleri tutuş dünýäde ykrar edilýär.

Ykdysadyýet

TNGIZT daşary ýurtlara ugradylýan önümiň möçberini artdyrýar

Mihail BOBKIN

Tabşyrykdan artyk öndürilen we durnukly önümçilik ösüşi gazanylan önümleriň sanawynda «TNGIZT» belgili çykarylýan, ýurduň içinde we daşary ýurtlarda durnukly isleg bildirilýän kerosin, dizel ýangyjy, polipropilen, suwuklandyrlan gaz,çalgy ýaglary we beýleki önümler bar. TNGIZT-den daşary ýurtlara awtomobil benzininiň, kerosiniň, dizel ýangyjynyň,ýakylýan mazutyň, nebit koksunyň,çalgy ýaglarynyň we ýangyç-ýag we nebit himiýasy önümçiliginiň beýleki önümleriniň uly tapgyrlary ugradyldy. Şunda kärhananyň daşary ýurtlara ugradan önümleiniň umumy bahasy 2016-njy ýyldakydan 36,3 göterim artdy.