Habarlar 17 ýanwar 2018

Jemgyýet

Ahal welaýatyndaky täze ýyladyşhana bezeg agaçlaryny we gülleri ösdürip ýetişdirmek üçin niýetlenendir

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Desga hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bezeg agaçlaryny we gülleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýyladyşhanalary gurmak hakyndaky” Kararyna laýyklykda guruldy we ol daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň, şol sanda ýurdumyzyň şäherleriniň, şäherçeleriniň bezegine öwrülýän ösümlikleriň ornuny tutýan önümçiligi ýola goýmak boýunça maksatnamany amala aşyrmagyň möhüm bölegine öwrüldi. Şeýle hem bu başlangyç ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagynda möhüm ähmiýetlidir.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Harby-howa güýçleriniň bölümleriniň birine bardy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Ir bilen döwlet Baştutanymyz harby bölümleriň birine bardy.

Ykdysadyýet

„Hilal“ HK-nyň önümlerine gurluşyk materiallary bazarynda isleg uly

Ysmaýyl IBRAGIMOW

Şu güne çenli „Hilal“ hususy kärhanasynyň ussalary önümleriň ýigrimi görnüşini özleşdirdiler. Önümçilik sehleri ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilip, olaryň işine ýörüteleşdirilen kompýuter programmasy gözegçilik edýär. Öňde baryjy tehnologiýalaryň ulanylmagy telekeçiligi üstünlikli alyp barmagyň, ýokary hilli mebel we gurluşyk materiallaryny çykarmagyň girewidir. Hünärmenler plastiki penjireleri we demir gapylary çykarmaga niýetlenen kuwwatly agaç işläp bejeriji we ýylmaýjy enjamlaryň, agaç işikleri ýelmemek üçin basyjynyň, kesiji we beýleki enjamlaryň üznüksiz işlemegini üpjün edýärler. Her aýda bu ýerde ýokary hilli materiallardan penjireleriň we gapylaryň orta hasapdan bäş ýüzüsi ...