Habarlar 18 ýanwar 2018

Resmi habar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň umumy mejlisi TYA-nyň prezidenti M. Aşyrbaýewiň dynç alşa gitmek baradaky haýyşnamasyny kanagatlandyrdy

Mejlisde M. Aşyrbaýewiň dynç alşa gitmek baradaky haýyşnamasyny kanagatlandyryp, ony Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti wezipesinden boşatmak hakynda çözgüt kabul edildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Meret Hezretgulyýewiç Aşyrbaýewi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti wezipesinden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň umumy mejlisiniň 2018-nji ýylyň 18-nji ýanwaryndaky çözgüdi tassyklanyldy.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Baştutanyna awtobus ýangynynda heläk bolanlar zerarly gynanç bildirdi

“Ýurduňyzyň köpsanly raýatlarynyň gurban bolandygy baradaky habary çuňňur gynanç we hasrat bilen kabul etdim” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň hatynda aýdylýar. Milli Liderimiz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny bildirdi hem-de ejir çekenlere tiz wagtda sagalmaklaryny dileg etdi.

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistan Aziýanyň demir ýol ulgamyna möhüm halka hökmünde goşulyşýar

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kuwwatly ulag-aragatnaşyk düzümini döretmegiň hasabyna özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen iri möçberli taslamalaryň başyny başlady. Häzirki wagtda Türkmenistanyň logistika strategiýasy Merkezi Aziýa sebitiniň hem-de tutuş yklymyň çäklerinde anyk häsiýete eýe boldy.

Jemgyýet

Parlamente we sebitleýin halk maslahatlaryna saýlanmak boýunça saýlaw toparlary döredildi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Türkmenistan boýunça Mejlisiň jemi 125 deputaty saýlanylar. Welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 240-sy, ýagny, her welaýatda we Aşgabat şäherinde 40-sy döredildi. Etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça her etrapda we şäherde 20 saýlaw okrugy—jemi 1200 saýlaw okrugy: Ahal welaýatynda-160, Balkan welaýatynda-260, Daşoguz welaýatynda-220, Lebap welaýatynda - 220, Mary welaýatynda-260, Aşgabat şäherinde 80 okrug döredildi hem-de olaryň çäkleri kesgitlenildi.

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistan we Ýaponiýa telekommunikasiýalar we maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Mälim bolşy ýaly, innowasion elektronika hem-de beýleki ýokary tehnologiýaly önümleri işläp taýýarlamakda öňdebaryjylaryň biri bolan bu iri transmilli kompaniýa bilen telewideniýe, kinematografiýa we sanly ulgamlarda netijeli köp ýyllyk hyzmatdaşlyk 2013-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa resmi saparynyň barşynda gyzyklanma bilan ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz bu korporasiýanyň Tokio şäherindäki edara binasyna baryp, ýurdumyzyň iň gowy dünýä tejribesini çekmäge hem-de dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. “Sony” korporasiýasy hem şolaryň hataryna girip, onuň innowasion, döwrebap önümleri hiliň we ...

Ykdysadyýet

Dokma senagaty: ýokary tehnologiýalar we harytlaryň eksportyna alnan ugur

Wladimir KOMAROW

Ýewropanyň özgerdiş we ösüş banky, Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlygy banky, «Mitsubishi Corporation» «Mitsubishi Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalary ýaly dünýä belli daşary ýurt kompaniýalary hem-de iri maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlyk ýokary hilli we dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleri çykarmaga ýardam edýär.