Habarlar 19 ýanwar 2018

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer Türkmenistanyň ähli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň 2018-nji ýyl üçin durmuş-ykdysady görkezijileriniň meýilnamasy, şeýle-de maliýe, ykdysadyýet we bank ulgamynyň 2018-nji ýyl üçin iş meýilnamalary barada hasabat berdi.

Hyzmatdaşlyk

Öňdebaryjy kompaniýalar iň soňky tehnologiýalary we enjamlary Aşgabat sergisinde görkezerler

Sergide tehnologiki enjamlar, gurluşyk serişdeleri, himiýa, energetika, nebitgaz senagaty hem-de azyk kärhanalary üçin awtoulag we tehniki serişdeler görkeziler. Durmuş tehnikasyny, dokma senagaty, saglygy goraýyş ulgamy üçin enjamlary öndürýän kompaniýalar hem-de ylym we kosmos tehnologiýalary, ulag we logistika pudaklarynda işleýän, söwda hyzmatlaryny hem-de maslahatlary berýän kärhanalar öz gazananlaryny hödürlärler.

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň wekiliýeti Pakistanda we Hindistanda gepleşikleri geçirdi

Habar berlişi ýly, 15-nji ýanwarda geçirilen türkmen-pakistan syýasy we ykdysady geňeşmeleriň gün tertibine döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda ikitaraplaýyn hökümetara toparynyň işiniň netijeleri baradaky meseleler girizildi. Halkara we sebitara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň özenini düzdi. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny we elektrik geçirijileri çekmek boýunça bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişine aýratyn ähmiýet berildi.

Hyzmatdaşlyk

Saud Arabystanynyň ösüş gaznasy TOPH taslamasyna maýa goýum serişdesini iberýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny kemala getirmek, ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri döretmek babatda möhüm ähmiýete eýedir.

Resmi habar

Türkmen Lideri TOPH-yň gurluşygyna maliýe goldawy üçin Saud Arabystanynyň Patyşasyna minnetdarlygyny beýan etdi

“Häzirki wagtda Türkmenistan bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça bellenilen wezipeleri yzygiderli amala aşyrýar. Siziň bu maliýe goldawyňyzy hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek boýunça edýän tagallalaryňyzyň dowamy hökmünde kabul edýärin.

Medeniýet

Arhiw resminamalarynda milli awçylygyň aýratynlyklary barada maglumatlar bar

Wladimir ZAREMBO

Gojalaryň aýtmagyna görä, peleň, bars, geçigaplaň we dag aýysy ýaly iri ýyrtyjylar Köpetdagyň barmasy kyn jülgelerinde, şeýle hem Sumbar, Etrek we Tejen derýalarynyň gür jeňňelerinde mekan tutupdyrlar. Ýeri gelende aýdylsa, ýyrtyjylar esasan öý haýwanlaryna hüjüm edende, çopanlara we öý haýwanlaryna howp salanda awlanylypdyr. ХIХ asyryň ahyrynda ХХ asyryň başynda dag eteklerinde şäherleriň we obalaryň kemala gelmegi bilen haýwanlar has daşa, ýabany daglyk ýerlere gidipdirler. Demir ýol hajatlary üçin tokaýlaryň çapylmagy netijesinde ýyrtyjy haýwanlaryň köňpüsi has daşa-- Demigazyk Horasanyň gür dag tokaýlaryna siňipdirler. Ýöne haýwanlar gaty köp bolansoň, olaryň aglaba bölegi ozalkysy ýaly, Türkmenistanyň ...

Hyzmatdaşlyk

Mejlisde Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýti bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Duşuşygyň barşynda myhmanlar ýurdumyzyň ýokary kanunçykaryjylyk edarasynyňesasy wezipeleri, onuň düzümi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeler babatda işiniň ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Ykdysadyýet

Döwlet etalon merkeziniň laboratoriýalarynyň ýene birnäçesi halkara derejesinde ygtyýarnama almaga taýýarlanýar

Wladimir KOMAROW

Halkara akkreditasiasyndan ozal uly möçberli amala aşyryldy. Birnäçe ýylyň dowamynda Britaniýanyň Standartlar Istituty tarapyndan amala aşyrylýan „Türkmenistanda hil infrastrukturasyny tehniki taýdan düzgünleşdirmegi we ösdürmegi kämilleşdirmegi goldamak“ maksatnamasynyň, Wilnýusyň metrologiýa institutynyň we Gruziýanyň Standartlar we Metrologiýa boýunça Milli Agentliginiň Metrologýia intitutynyň (GEOSTM) bilermenleri bilen bilelikde ýolbaşçylar düzümi hem-de termometriýa babatda takyk düzgünleşdiriş işlerini amala aşyrýan hünärmenler bilen okuw geçirildi we degişli ygtyýarnama alyndy. Wilnýusyň metrologiýa institutynyň goldamagynda türkmen hünärmenleri etalon enjamlaryna we ölçeg serişdelrine takyklaýyş işlerini, ...