Habarlar 21 ýanwar 2018

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistan we Belarus diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyny belleýärler

Oleg TABANÝUHOW, Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi

Ozaly bilen, dostlukly iki döwletiň Prezidentleri üstünlikli özara herekettiň ygtybarly binýadyny döredýärler. Soňky 10 ýylda döwletlerimiziň baştutanlary—Aleksandr Grigorýewiç Lukaşenkonyň we Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň her ýylky özara resmi saparlary üýtygewsiz däbe öwrüldi. Hut Belarusyň we Türkmenistanyň Prezidentleriniň tagallasy bilen ikitaraplaýyn ugurda-da, halkara meýdançalarynda-da hyzmatdaşlyga giň mümkinçilikler açyldy. Şu ýyllarda ýurtlarymyzň arasynda netijeli hökümetara, parlamentara we pudagara özara hereket ýola goýuldy, bu bolsa ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.