Habarlar 23 ýanwar 2018

Jemgyýet

Parlamente, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralaryna dalaşgärleri hödürlemek çäreleri başlanýar

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Milli saýlaw kanunçylygyna laýyklykda. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň karary bilen 2018-nji ýylyň 24-nji ýanwaryndan 22-nji fewralyna çenli bolan döwürde dalaşgärleri hödürlemek işleri geçiriler. Olar fewral aýynyň 3-nden 27-sine çenli bolan döwürde bellige alnar.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Diplomat watg tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Koreýa Pespublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna bagt we rowaçlyk baradaky arzuwyny ýetirdi. Jenap Jin Ki Hun öz ýurdunyň Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan, deňhukuklylyk hem-de uzakmöhletlilik ýörelgelerine esaslanýan dostluk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklap, soňky ýyllarda türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze mazmuna eýe bolandygyny belledi.

Sport

“Ahal” topary AFK-nyň Kubogy ugrundaky saýlama ýaryşlara ynamly başlady

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Biziň futbolçylarymyz oýny ynamly başlap, eminiň jürlewgi ýaňlanandan soň köp wagt geçmänkä, pökgini bäsdeşleriniň derwezesine geçirmegi başardylar. Süleýman Muhadow bu duşuşykda ilkinji pökgini geçirdi. Oýnuň netijeli başlanmagy ýeňşi has-da berkitmäge höweslendirmeli ýaly bolsa-da, duşuşygyň 19-njy minutynda gyrgyz topary hasaby 1:1-edeňledi.

Jemgyýet

Ýollaryň durkuny täzelemek- sebitleriň ösüşiniň strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir

Batyr ÖRÄÝEW

Şol bir wagtyň özünde müdirligiň bölümleri şu etrapda “Hakykat” daýhan birleşiginden “Ýylanly” gazkompressor bekedine barýan ýoluň hem durkuny täzeleýärler.

Ykdysadyýet

Ýüküni özi düşürýän “KamAZ” kysymly awtomobilleri Awtomobil ulaglary ministrliginiň ulaglar parkynyň üstüni ýetirer

Mihail BOBKIN

Üç palubaly gämi 20 tonnalyk awtomobilleri Astrahandan Türkmenbaşa tehniki saz ýagdaýda getirdi. Köp ýük göterýän bu ulaglar iki topar bolup portdan ugrarlar: olaryň 30-sy Mary welaýatyna, 12-si bolsa Ahal welaýatyna gider.

Hyzmatdaşlyk

Türk­me­nis­tan — Be­ýik Bri­ta­ni­ýa: hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Türk­men-bri­tan söw­da-se­na­gat ge­ňe­şi­niň al­tyn­jy mej­li­si­niň bar­şyn­da bu me­se­le­le­re jik­me-jik ga­ral­dy. Mej­lis iki ýur­duň hö­kü­met­le­ri ta­ra­pyn­dan gu­ral­dy hem-de şu sa­pa­ryň esa­sy wa­ka­sy­na öw­rül­di. Bi­ziň ýur­du­myz­dan du­şu­şy­ga ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy ul­ga­myň, Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň, dür­li mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri hem-de Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry gat­naş­dy­lar.